Biz bellän täze sepgitlerimiziň hemmesini tutanýerli zähmetiň netijesinde eýeleýändigimiziň, biziň ähli meýilnamalarymyz, goý, ol şahsy bolsun ýa-da maşgala meýilnamasy, ýa-da döwlet we pudaklaýyn maksatnamalarda bellenilen meýilnamalar bolsun, tapawudy ýok, olaryň hemmesiniň hökmany suratda durmuşa geçýändiginiň şaýady bolýarys. Şol umyt-arzuwlaryň üznüksiz bitewiliginde täze üstünlikleriň bähbidine halkyň öz milli Lideriniň daşyna jebisleşmegi bolup geçýär. Ine, onsoň biziň her birimiz öz iş ornumyzda saýlap alan işimiziň ähmiýetine düşünip, oňa gujur-gaýratymyzy, bilim-başarnygymyzy, döredijiligimizi we kalbymyzy siňdirýäris, ýurdumyzyň geljegi hem şoňa bagly bolýar. Biziň geljek nesle berjek ýurdumyz nähili bolsa, şol nesil hem şonuň ýaly bolar.

Hut şunuň ýaly işjeň ugur bize ýurdumyzy dünýäde durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijileri boýunça öňdäki orunlara çykarmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistan öz Garaşsyz ýoluny gurmak bilen, dünýäni öz üstünlikleri we beýik işleri bilen haýran galdyryp, döwlet-jemgyýetçilik gurluşyň nusgasynyň milli taryhy tejribesinde durmuşa ukyplylygyny subut eden ýurt hökmünde halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Biz 2014-nji ýylda geçilen nobatdaky tapgyryň netijelerine buýsanmaga haklydyrys.

Ol taryha, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyl ýazgysyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen üznüksiz bagly bolan uly zähmet ýeňişleri, beýik asylly işleri we başlangyçlary bilen girdi. Şol işler diplomatik ulgamda, ykdysadyýetde, durmuş syýasatynda hem gazanylan üstünliklerdir. Ýurdumyzyň senagaty, ýangyç-energetika toplumy we oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim we ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary hem uly üstünliklere beslendi. Geçen ýyl ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny hem-de zerur düzümi bolan şäherçeleri gurmak boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi, ýurdumyz boýunça täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň we senagat desgalarynyň onlarçasy açyldy. Deňiz, howa, demir ýol we awtomobil ýollaryny birleşdirýän «Gündogar—Günbatar» we «Demirgazyk—Günorta» yklymara ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça uly işler geçirildi. Geçen ýylyň ägirt uly binagärlik açylyşlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi, Hökümet binasy, Aşgabat şäherindäki 12-nji tapgyryň täze ýaşaýyş jaý toplumy, Ahal welaýatynda döredilen «Täze zaman» obasy, welaýatlarda köpugurly söwda bazarlary, şeýle hem kitaphanalar we myhmanhanalar, paýtagtymyzda gurlan iri «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi we beýlekiler bar.

2014-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoluny ulanmaga bermegiň dabarasy hem boldy. Halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ulag ugry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda daşary ýurt döwlet we hökümet baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we ençeme ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň esasy ugurlarynyň biri boldy. Ýylyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy biziň ýurdumyz tarapyndan başy başlanan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň uly üstünligidir!

Magtymguly Pyragynyň köpsanly çärelere, şol sanda halkara derejesindäki çärelere beslenen 290 ýyllygy ruhy genji-hazyna öwrüldi. Ýeri gelende ýatlasak, Mary şäheri hem 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolar.

«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança, däbe görä, Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylyp, onuň depesinde «2015» ýazgysy şöhle saçyp dur. Onuň owadan görnüşi daş-töwerege ýalkym saçyp, ertekiler şäherçesine öwrülen meýdança çagalaryň hyýallaryndaky şadyýan syýahatlary ýatladýar.

Bu ýerde, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda köpsanly aşgabatlylar we şäherimiziň myhmanlary ýygnandylar. Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Ol hem biziň paýtagtymyz Täze ýyl baýramçylygyna häzire çenli entek hiç haçan şeýle gözel görnüşe beslenmedik ýaly bolup dur. Onuň köçeleri, meýdançalary, seýilgähleri dürli öwüşginleri bilen aklyňy haýran edýär. Olar paýtagtymyzy gijelerine ertekilerdäki şähere öwürýär.

Bu günler gar ýagman, gün çykyp, howanyň maýyldygyna garamazdan, ol gyş baýramçylygyna hiç hili täsir etmeýär. Emeli bezeg garjagazlaryň millionlarçasy şäherimizi örtdi, olar köçeleriň we şaýollaryň ugrundaky agaçlary, aýmançalary elektrik çyralary bilen bezedi.

«Täze ýyl ertekisi» diýlip atlandyrylýan bu täsin ýurtda esasy orny «Älem» medeni-dynç alyş merkezi we onuň ýanaşyk ýerleri eýeledi. Bu ýerde bezegçiler yhlasly zähmet çekip, baýramçylyk çäreleri üçin täsinlikleri döretmegi başarypdyr.

Şu gün agşam bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlanyp, uly baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýuldy. Döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň, teleköprüniň kömegi arkaly bu dabara ýurdumyzyň bäş welaýatynyň hem ýaşaýjylary gatnaşdylar.

...Medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan sahnada ajaýyp baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlanýar. Alyp baryjylar ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşmagyny arzuw etdiler.

Baýramçylyk maksatnamasyny meşhur aýdymçylaryň Täze ýyla bagyşlap ýerine ýetiren wokal-saz , halk döredijiliginiň häzirki zaman äheňindäki eserleri boýunça çykyşlar, söýgi we joşduryjy estrada aýdymlary düzdi.

Aşgabatdaky Täze ýyl dabaralaryna teleköpri arkaly biri-biriniň yzy bilen sebitler goşulyşýar. Bu gün olaryň dolandyryş merkezlerindäki meýdançalarda hem welaýatlaryň ýaş aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ajaýyp täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy. Dabaralara köpsanly tomaşaçylar ýygnandy. Olaryň arasynda sebitleriň ýolbaşçylary, ýaşulylar we ýaşlar, çagalar bar.

Teleköpri arkaly ilkinji bolup, Ahal welaýaty aragatnaşyga çykýar: aýdylan gutlaglaryň we goşgularyň üsti bilen beýan edilen arzuwlaryň yzy bilen baýramçylyk konserti dowam edýär. Soňra teleköpri boýunça Balkan welaýaty wideoaragatnaşyga çykýar. Deňizýaka sebitiniň ýaşaýjylarynyň adyndan watandaşlarymyza gutlaglaryny aýdyp, welaýatyň wekilleri özleriniň döredijilik çykyşlaryny görkezdiler. Soňra çykyş etmek gezegini Daşoguz welaýaty aldy.Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti hem özleriniň döredijilik däplerini görnükli beýan etmäge çalyşdy. Teleköpri Lebap welaýatynyň wekilleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar hem türkmen halkyny we milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de bu waka aýdym-saz çykyşlaryny bagyşladylar. Soňra Mary welaýatynyň ýaşaýjylary söz aldylar. Sebitiň ýaşaýjylarynyň gutlaglaryny çagalar joşgunly goşgulary bilen alyp göterýärler, soňra estrada artistleri çykyş edýärler.

Täze ýyl teleköprüsini paýtagt jemleýär — Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary ýurdumyzyň ähli künjegindäki öz watandaşlaryna arzuwlarynyň hasyl bolmagyny we işlerinde üstünlik arzuw edýärler. Goşgular we aýdymlar ýaňlanýar, meşhur tans toparlary çykyş edýärler.

Aýdym-sazly çykyş etmek gezegini «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sahnadaky çykyşlar dowam edýär. Bu ýerde şatlykly owazlar, depginli tanslar ýaňlanyp, Täze ýyl şäherçesiniň meýdançasyna ýygnananlaryň ählisini gurşap alýar.

Esasy pursat gelip ýetýär — telemonitorlaryň ekranlaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Milli Liderimiziň çykyşyny meýdança ýygnananlar hem-de öz telewizorlarynda watandaşlarymyzyň millionlarçasy uly üns bilen diňleýärler. Şu dabaraly we tolgundyryjy pursatlarda ähli türkmenistanlylary öz Garaşsyz Watanyna, onuň häzirki we geljekki ykbalyna ägirt uly buýsanç birleşdirýär.

2015-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen watandaşlaryny tüýs ýürekden gutlap hem-de ähli türkmenistanlylara berk jan saglyk, parahat durmuş, maşgala ojaklaryna bagtyýarlyk we abadançylyk, uly zähmet üstünliklerini arzuw edip, döwlet Baştutanymyz 2014-nji ýylyň—Bedew ýylynyň bize getiren uly üstünlikleri barada durup geçdi.

Milli Liderimiz Gündogar müçenamasyna laýyklykda, täze 2015-nji ýylyň goýun ýylydygyny, asudalygyň, abadançylygyň we rysgal-berekediň ýyly bolan goýun ýylynyň hem bir türkmenistanly üçin uly üstünlikler getirmegini arzuw etdi.

«Ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alýan 2015-nji ýylymyzyň hem merdana halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde ägirt uly, tutumly işleriň amala aşyrylýan ýyly boljakdygyna berk ynanýaryn!» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz öz Gutlagyny Täze ýylyň biziň Watanymyz üçin bereketli, ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşly ýyl bolup, her bir maşgala bagt, bereket we rowaçlyk getirmegi baradaky arzuw bilen tamamlady! «Goý, Täze ýyl eziz Watanymyz üçin üstünlikli, mähriban halkymyz we her bir maşgala ojagy üçin rysgal-döwletli, bereketli hem-de düşümli ýyl bolsun!»

2014-nji ýylyň ahyrky sekuntlaryny bu ýagşy niýetleriň ýerine ýetmegine bolan tüýs ýürekden we çuňňur ynam doldurdy. 2014-nji ýyl watandaşlarymyzyň ählisiniň ýüreklerini ruhy ýokary göterliş bilen birleşdirdi.

Ine-de, sagadyň dilleri 12 diýen sanda saklanýar...

Milli telewideniýäniň ähli ýaýlymlarynda Türkmenistanyň Döwlet senasy belent we dabaraly ýaňlanýar. Onuň belent kuwwatly watançylyk mukamy baýramçylyk feýerwerkiniň gümmürdisini güýçlendirýär. Şol pursatda «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň asmanynda feýerwerkiň müňdürli owadan şöhleleri şugla saçdy.

Şatlykly müňdürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini bezäp, bu älemgoşar öwüşginler bilen utgaşyp, feýerwerkiň ýürekleri joşduryjy gümmürdili sesleri 2015-nji ýylyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Owadan şöhleler biri-biriniň yzy bilen gijäni ýagtylandyryp, şu pursatlarda arzuw edilen hemme ýagşy dilegleriň berjaý bolmagyny dabaraly we belent mukamda wada berýän mysaly görünýär.

... Şöhratly işleriň senenamasynda ýene-de bir sahypa öwrülip, 2014-nji ýyl taryha girdi. Biz iň ajaýyp pikirler bilen Täze ýyly garşylaýarys. Täze ýyly garşylamaga öz ýakynlarymyzy we garyndaşlarymyzy begendirmäge ymtylyp, aýratyn hyjuw bilen taýýarlandyk. Goý, bu joşgun biziň ýüreklerimizde we kalplarymyzda bütin ýyl saklansyn!

Biz durmuşymyzyň täze sahypasyna başlaýarys. Goý, biziň hemme arzuw-umytlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hasyl bolsun!

Täze ýylyňyz bilen türkmenistanlylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze bagt bilen!