Irden milli Liderimiz Aşgabadyň günorta bölegine ugrady, bu ýerde ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny we Olimpiýa hereketini has-da ösdürmäge, sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurulýan bu täsin toplum özüne sport we beýleki maksatly desgalaryň 30-dan gowragyny birleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda onuň düýbi tutuldy.

Hut Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary geçiriler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp başlangyçlary we sport hereketini ösdürmäge uly üns bermegi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň bu möhüm çözgüdi kabul etmegine uly täsir etdi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup şeýle abraýly oýunlary geçirmek hukugyna eýe bolmagy bellärliklidir.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek meseleleri sport dünýäsinde Watanymyzyň abraýyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ilaty, aýratyn hem ýaş nesli sport hereketine giňden çekmek babatda bu waka aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda hemişe ildeşlerimize uly görelde görkezýär.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ulgamda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň aýdyň netijeleri ýurdumyzda degişli döwrebap düzümiň döredilmegi, ähli ýerde sport desgalarynyň köpçülikleýin gurulmagy, türkmenistanlylaryň müňlerçesini — dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary özüne birleşdirýän Umumymilli spartakiadalaryň her ýyl geçirilmegi, sportuň dürli görnüşleriniň durnukly ösdürilmegi, ýurdumyzyň türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda yzygiderli we üstünlikli çykyş etmegi bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýändigini nygtamalydyrys. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu babatda Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär, çünki şeýle derejedäki ýaryşlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriler. Öňümizdäki ýaryşlara Aziýa döwletlerinden başga-da, Okeaniýanyň ýurtlary (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köpsanly ada döwletleri) hem gatnaşar. Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda hem işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu şäherjigiň gurluşygy üçin türkmen paýtagtynyň günorta böleginde giň meýdan bölünip berildi. Üç tapgyrda amala aşyrylýan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi.

Olimpiýa şäherjiginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, şeýle hem bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek ynanylan “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginiň çäginde gurlan täze myhmanhananyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň, welosiped sürmek üçin niýetlenen ýodalaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygy, olarda ulanylýan serişdeler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurulýan desgalaryň ak mermerli türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi bilen sazlaşyk döretmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz toplumyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygy desgalaryň birine — 450 orunlyk döwrebap myhmanhana baryp görmekden başlady. Oňaýly otaglardan başga-da, binagärlik bezegi babatda özboluşly bolan bu binada dürli möçberdäki orunlara niýetlenen maslahat zallary, kafe-bar, dükanlar, dellekhana, fitnes-salon, saunalar, üsti ýapyk we açyk suwa düşülýän howuzlar hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlara döwrebap hyzmatlaryň köp görnüşi, şol sanda sagaldyş çäreleri hödürlener.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhana girip, 1-nji gatda ýerleşýän eýwana tarap ugrady, şol ýerde Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň we desgalarynyň taslamalarynyň planşetleri goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň bezeginiň aýratynlyklary, onuň içki bezeginiň usullary bilen gyzyklandy.

Eýwanda ornaşdyrylan monitorda Olimpiýa şäherjiginiň we onuň desgalarynyň gurluşygy barada gürrüň berýän, bu köpugurly sport toplumy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän wideofilm görkezildi. Hormatly Prezidentimize Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş nyşanlarynyň biri bolan alawyň ýaryşlaryň geçiriljek ýerine çenli aralygy geçişi baradaky wideofilm hem görkezildi. Beýan edilişi ýaly, dünýäde baý gory bolan gaz känleriniň biri hökmünde ykrar edilen “Galkynyş” gaz käninde ýakylan alaw ýurdumyzyň dürli künjeklerinden geçýän ýoluna rowana bolýar. Alaw ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, welaýatlaryň gözel ýerlerinden, taryhy ýadygärlikleriň, tebigy gözellikleriň deňinden geçip başlaýar. Şeýlelikde, alaw ulaglaryň birnäçe görnüşleriniň kömegi bilen sähralardan, daglardan, derýalardan we deňizden geçip, V Aziýa oýunlarynyň guraljak ýeri bolan paýtagtymyza tarap ýola düşýär, şeýle hem wideofilmde alawyň ak mermerli Aşgabatda garşylanyş dabarasyny janlandyrýan şekiller görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz wideofilmlere tomaşa edip, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz Aziada — 2017-niň alawynyň geçýän ýoly baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, onuň ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinden, ajaýyp ýerlerden geçirilmelidigini, alawyň ýolunyň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň üstünden geçmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalaryň, şeýle hem paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalar toplumynyň taslamalary görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Olimpiýa şäherjiginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji nobatdakysynyň Baş meýilnamasy, şeýle hem birnäçe desganyň taslamalary, şol sanda türgenler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik medeni merkeziň, 45 müň orunlyk täze Olimpiýa stadionynyň, 4 müň orunlyk üsti ýapyk tennis meýdançasynyň taslamalary, olaryň ýerleşişiniň çyzgylary, binalaryň we desgalaryň içki we daşky bezegleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň garamagyna simwoliki Olimpiýa monumentiniň görnüşleri hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagynyň hem-de işleriň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, täze desgalaryň keşbinde milli binagärlik däpleriniň we häzirki zaman binagärliginiň ýörelgeleriniň sazlaşygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz birnäçe duralgaly hem-de zerur bolan tehniki düzümli, uzynlygy 5138 metre barabar bolan monorels ýolunyň taslamasy, şu ýol boýunça gatnajak otlynyň içki we daşky görnüşleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ulagyň bu görnüşiniň aýratynlyklary barada aýdyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde, hususan-da, Hazaryň kenarynda emele gelýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda monorels ýoluny ulanmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi, şeýle hem degişli taslamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu ýerde olimpiýa alawynyň, Aziada — 2017-niň baýraklaryna mynasyp boljaklary sylaglamak üçin dürli derejedäki medallaryň, onuň nyşanynyň görnüşleri, şeýle hem Oýunlaryň nyşanlary şekillendirilen dürli sowgatlyk önümleriň – nyşanjyklaryň, trikotaž önümleriniň, kitapçalaryň, sport lybaslarynyň we beýlekileriň nusgalary görkezildi. Hödürlenen nusgalarda olary milli nyşanlar bilen baýlaşdyrmaga çalyşýan bezegçileriň döredijilik gözlegi öz beýanyny tapýar, olaryň hataryna Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzyny goşmak bolar.

Milli Liderimiz hödürlenen nusgalar bilen tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlarynyň medallarynda we beýleki nyşanlarynda milli nyşanlaryň şekilini işjeň ulanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem degişli ýolbaşçylara Aziada — 2017-niň medallary we nyşanlary bellenen tertipde tassyklanandan soň, giň jemgyýetçiligi olar bilen tanyşdyrmak maksadynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly degişli işi guramak we geçirmek barada görkezme berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz şeýle hem Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Nusaý” myhmanhanasynyň täze binasynyň, şeýle hem bu myhmanhana toplumynyň çäginde dörediljek ýaşyl zolagyň, suw çüwdürimleriniň we beýleki desgalaryň taslamalaryna we çyzgylarynyň görnüşlerine garady.

“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja döwlet Baştutanymyza toplumdaky desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan taýýarlanan taslamalar görkezildi. Olaryň hatarynda Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurmak göz öňünde tutulýan restoranyň we beýleki desgalaryň birnäçesiniň taslamalary bar. Hususan-da, täze iki gatly restoranyň 2-nji gaty açyk eýwan görnüşinde bolar, munuň özi bu ýere gelýänlerde tebigatyň gözelligine syn etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň beýleki teklipleriniň hatarynda paýtagtymyzdaky söwda toplumynda azyk önümleri bölüminiň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň, söwda merkeziniň we ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bar.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, binalaryň we desgalaryň içki we daşky bezegine hem-de olaryň abadanlaşdyrylyşyna üns berdi. Şunda milli Liderimiz ähli ugurlary göz öňünde tutmagyň hem-de gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, köpöwüşginli reňkleri, sport meýdançalary üçin düşekleri seçip almakdan, meýdançalary we tomaşaçylar üçin münberleri enjamlaşdyrmakdan, ýaşaýyş otaglarynyň içki bezeglerinden başlap, ähli zatlaryň üstünde oýlanyşykly işlemegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň maksatlaýyn we ulanyş häsiýetnamalary bilen gyzyklanyp, olaryň ähli babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini ýene-de bir gezek nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, olary durmuşa geçirmekde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikiriň we innowasiýalaryň, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmäniň esasy görkeziji bolmalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz liftde myhmanhananyň 2-nji gatyna galdy, şol ýerde restoran, kafe-bar we 2 sany maslahatlar zaly ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz maslahatlar zallarynyň birinde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz oýunlaryň ýokary derejede guralmagynyň we geçirilmeginiň üpjün edilmegi, bu babatda öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport — bu güýç-gaýratyň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylmanyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň sportuny höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan halkara sport hereketini ösdürmäge hem saldamly goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi halklaryň ýakynlaşmagynyň, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňümizdäki Aziada — 2017 hem şu maksatlara hyzmat etmelidir, şoňa görä-de, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerini giňden ýaýbaňlandyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilip başlanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girýän oýunlar, oňa sportuň täze goşulan görnüşlerini hem nazara almak bilen, olar boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlyk çärelerini işjeňleşdirmeli diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Sport baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde türgenleriň daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşmagyny üpjün etmegi, ýörite ugurlar boýunça tejribeli daşary ýurtly tälimçileriň şertnama esasynda işe çagyrylmagyny guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň degişli hünärmenleri şäherde mahabat we görkeziş enjamlarynyň taýýarlanmagyny, olaryň ýerleşdirilmegini üpjün etmeli diýip belledi. Geografik we syýahatçylyk kartalaryny, V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan, paýtagtymyz, Olimpiýa şäherjigi, şeýle hem ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri baradaky kitapçalary taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen ýaryşlary we oňa bagyşlanan medeni çäreleri göni ýaýlyma alyp görkezmegi guramalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz operatorlaryň, sport habarçylarynyň we redaktorlaryň tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň gurulýan desgalarynda wideoenjamlaryň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Aziada — 2017-njiň sport ýaryşlarynyň nyşany ýerleşdirilen zerur gollanmalaryň we şunuň bilen baglanyşykly neşir önümleriniň ýokary derejede taýýarlanmagynyň möhümdigini belledi.

V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, şeýle hem bu oýunlaryň ýeňijilerini sylaglamak çärelerini guramakda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine-de möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aziada — 2017-niň ýaryşlarynyň geçýän döwründe paýtagtymyzda, oýunlara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde medeni çäreleriň guralmalydygyna ünsi çekdi.

Şol döwürde işlejek meýletin ýardamçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuw maslahatlarynyň guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň işgärleriniň dürli diller boýunça gepleşik sözlüklerini, sport sözlüklerini, dürli dillerde ýörite gollanmalary işläp taýýarlamalydygyny belledi.

Şeýle hem Aziada — 2017-niň geçirilýän döwründe paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde “Ýörite aýratyn geçelgäniň” döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny, sport wekiliýetleriniň, žurnalistleriň, hemaýatçylaryň we beýleki resmi adamlaryň zerur bolan serişdeleriniň, enjamlarynyň howa menzilinde päsgelçiliksiz geçirilmegine rugsat berýän resminamalaryň sanawy taýýarlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sport wekiliýetleriniň, V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyza gelen myhmanlaryň we tomaşaçylaryň degişli ulaglar bilen doly üpjün edilmegi, şol döwürde ýeňil awtoulaglaryň, kiçi awtobuslaryň we ýolagçy awtobuslaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, olaryň sanawyny tassyklamak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti myhmanlar we ýolagçylar üçin ýörite žurnallary hem-de kitapçalary taýýarlamalydyr. Ýol görkezijileriň, Türkmenistanyň hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kartalarynyň zerur möçberde işlenip taýýarlanylmagy üpjün edilmelidir, şeýle hem ýokary derejeli ýolbeletler, terjimeçiler, myhmanhana hyzmaty we syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak ulgamynda hünärmenler taýýarlanmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Olimpiýa şäherjiginde Internet ulgamynyň ygtybarly işini üpjün etmek, V Aziýa oýunlarynyň myhmanlarynyň ýaşaýan ýerlerinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyny ýola goýmak boýunça bölümleri döretmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde daşary ýurt pulunyň çalşylýan bölümleriniň döredilmegi zerurdyr.

Ýurdumyzyň dokma senagaty ulgamynyň kärhanalarynda V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirilen sowgatlyk önümleri, meýletin ýardamçylar, hyzmat edýän işgärler üçin ýörite lybaslary, sport ýaryşlaryna gatnaşyjylar üçin dokma önümlerinden ýadygärlik sowgatlary taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmek, dünýäniň milli aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlamak, oýunlara gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýerlerinde söwda meýdançalaryny guramak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, oýunlara ýokary derejede hyzmat etmäge ukyply sport lukmanlarynyň taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz ýaryşlaryň guralýan ýerlerinde lukmançylyk otaglarynyň taýýarlanmalydygyny we olaryň zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada — 2017-niň sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryna goldaw-hemaýat berýän ýerli kompaniýalaryň we firmalaryň iş maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrligi we Içeri işler ministrligi V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzda, şol sanda türgenleriň ýaşaýan künjeklerinde we jemgyýetçilik ýerlerinde düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleriň gümrük nokatlaryndan bökdençsiz geçmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidiklerini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

V Aziýa oýunlaryna hormatly myhman hökmünde daşary ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny çagyrmak, Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin çagyrylan myhmanlaryň guramaçylyk çärelerine gatnaşmaklaryny üpjün etmek babatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly geçirilmegine degişli pudaklar boýunça tabşyryklary jemläp, şu günki maslahata gatnaşýan degişli ýolbaşçylaryň birnäçesine hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berdi.

Ilki bilen, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew çykyş etdi. Ol şu ýylyň 10-12-nji fewralynda Aşgabatda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisiniň geçirilendigini, onda Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Guramaçylyk meseleleriniň dürli ugurlar boýunça tejribe alşyldy, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýaryşlary guramak boýunça öňe süren teklipleri we başlangyçlary öwrenildi diýip, D.Gulgeldiýew özüniň hasabatynda aýtdy we öz öňlerinde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň ýola goýulmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň orunbasary Erol Tabanja netijeli iş alyp barmak ugrunda döredilen mümkinçilikler we şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan işi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyryndaky ähli gurluşyk işleriniň şertnamada bellenilen möhletinden öň tamamlanandygyny, onuň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary depginlerde dowam edýändigini, şunuň bilen baglylykda ikinji tapgyryň düzümine girýän ähli binalaryň gurluşygyny bellenilen möhletinden öň tamamlamagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şeýle hem toplumyň üçünji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň hem batly depginlerde alnyp barylýandygy aýdyldy.

Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdow häzirki döwürde ýurdumyzda gönüden-göni milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda sportuň ähli görnüşleriniň giňden ösdürilýändigini bellemek bilen, bu ugurda sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Aziada — 2017-ä taýýarlyk işleriniň giňden alnyp barylýandygyny, bu ugurda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de beýleki halkara sport guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigini habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory A.Saryýew türkmen türgenlerini dürli derejedäki halkara ýaryşlaryna taýýarlamak, talyp türgenleriň dünýä ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol türgenleri taýýarlamak babatda ähli amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, talyp türgenleriň mundan beýläk-de ýokary dünýä netijelerini gazanmaklary ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Olimpiýa şäherjigi iri halkara ýaryşlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýäniň hem-de Aziýanyň çempionatyny geçirmek we ýurdumyz boýunça dürli ýaryşlary guramak maksady bilen gurulýandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistanyň sport ulgamy boýunça dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirer diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, sport ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Maslahat tamamlanandan soň, milli Liderimiz myhmanhana bilen tanyşlygy dowam edip, binanyň ikinji gatynda ýerleşdirilen restoranyň, çaýhananyň we maslahat zallarynyň enjamlaşdyrylyşy, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde myhmanlar üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, restoranda we çaýhanada milli tagamlar bilen bir hatarda, dünýä aşhanasynyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşlygyň barşynda binanyň 10-njy gatyna galdy we bu ýerden açylýan täze gurluşyklaryň ajaýyp görnüşine syn etdi.

Ýokarda bellenilişi ýaly, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Halkara olimpiýa komitetiniň köpugurly sport desgalaryna bildirýän talaplarynyň ählisine laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň onlarçasy gurulýar. Olaryň hatarynda 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek, sportuň başa-baş göreş we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen 5 müň we 15 müň orunlyk üsti ýapyk arenalar, 5 müň orunlyk üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasy, 5 müň orunlyk üsti ýapyk suw toplumy we üsti açyk suwda ýüzülýän howuz, degişlilikde, her biri 4 müň we 2 müň orunlyk üsti ýapyk we açyk tennis meýdançalary, 45 müň orunlyk Olimpiýa stadiony, 1000 orunlyk münberli köpugurly sport meýdançalary we sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalar, şeýle hem uly we kiçi türgenleşik zallary bar.

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine lukmançylyk we dikeldiş merkezleri, doping-gözegçilik merkezi, şeýle hem halkara gepleşikleri alyp görkezmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin niýetlenen, zerur enjamlaryň ählisi bilen üpjün edilen merkez, jemgyýetçilik medeni merkezleri, işewürler merkezi we beýleki degişli desgalar girýär. Şunuň bilen birlikde, taslamada kaşaň myhmanhanalaryň birnäçesini, şol sanda türgenleri üçin myhmanhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Restoranlar we kafeler, açyk we köp derejeli awtoduralgalar, monorelsli ýol hem myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Bu köpugurly toplumyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjegiň golaýynda ýerleşmegi onuň amatly howa ýagdaýyny şertlendirýär, munuň özi sport ýaryşlaryny geçirmekde möhüm şert bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň 10-njy gatyny gözden geçirdi. Bu ýerde 45 orunlyk oňaýly kafeteri, 16 orunlyk maslahatlar zaly we 55 orunlyk Executive Lounge (ýokary derejeli myhmanhana otagy) ýerleşýär.

Milli Liderimiz lift arkaly binanyň üçünji gatyna düşüp, otaglaryň birnäçesine, şol sanda “lýuks”, apartament we iki orunlyk otaglara baryp gördi we olarda ýaşamak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Umuman, myhmanhanada “Presindential suit”, “Prestige suit” “King”, “Suit”, “Twin” derejeli kaşaň otaglaryň 225-si ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow otaglary synlap, olaryň içki bezegine we mebeller bilen üpjün edilişine üns berdi hem-de otaglaryň bezeginde milli bezegiň usullarynyň giňden ulanylmalydygyny belledi. Şunda milli Liderimiz myhmanlara döwrebap, toplumlaýyn we ýokary medeniýetli hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhanadan çykyp, toplumyň çägini gözden geçirdi. Bu ýerde eýýäm sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen täze ajaýyp sport desgalarynyň birnäçesi peýda bolupdyr.

Ýolugrunda hormatly Prezidentimiz 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionyndaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Ýokarda bellenilişi ýaly, Olimpiýa şäherjiginde iri halkara ýaryşlaryny we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Onuň çäginde bina edilýän desgalar Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ähli kadalaryna we görkezijilerine doly laýyklykda gurulýar. Bu desgalar iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalar Türkmenistanyň sport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ýokary taýýarlykly hünärmenleri we türgenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taslamalaryň birnäçesi, şol sanda stadiony abadanlaşdyrmagyň dürli ulgamlarynyň çyzgylary görkezildi.

Milli Liderimiz Aziada — 2017-niň baş meýdançalarynyň biri boljak Olimpiýa stadionyny synlap, onuň tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň, bu ýerde ýaryşlary, şol sanda futbol we ýeňil atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, şeýle hem türgenler, tälimçiler we janköýerler üçin ähli amatlyklaryň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary hem şu stadionda geçiriler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň çäginde gurulýan üsti ýapyk sport toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde suwda ýüzüjileriň bäsleşigine we suwa bökmek boýunça ýaryşlara birwagtyň özünde janköýerleriň 5 müňüsi tomaşa edip biler. Onuň çäginde ýaryşlary hem-de türgenleriň türgenleşiklerini geçirmek üçin niýetlenen dürli möçberdäki howuzlaryň 4-si ýerleşýär. Tomaşaçylar üçin niýetlenen münberlerde janköýerler üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Täze suw toplumynyň düzümine şeýle hem sport terapiýasy üçin meýdança, sport-sagaldyş zaly, amatly egin-eşik çalşyrylýan we türgenleriň dynç almagy üçin niýetlenen otaglar, ilkinji lukmançylyk kömegi otagy girýär. Mundan başga-da, taslamada restoran, kafe, garbanyşhanalaryň birnäçesi göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, onuň gurluşygynyň ýurdumyzda sportuň suw görnüşleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etmelidigini, ýaş türkmenistanlylaryň köpsanlysynyň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekilmegini üpjün etmelidigini, abraýly halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny gorajak ýokary derejeli sport ussatlaryny taýýarlamaga goldaw bermelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze suw sport toplumynda işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny we onuň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryndaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşlygy tamamlap, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galandygyny nygtady we şoňa görä-de, bu abraýly ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalarynyň gurluşyk işleriniň depginli hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Geljekde bu ýerde halkara, sebit we milli derejelerdäki beýleki iri ýaryşlar hem geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şeýlelikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeler sportunyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, sport desgalarynyň bu iri toplumy sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri hem-de ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin köpugurly türgenleşik binýady bolmalydyr.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, onuň çägini abadanlaşdyrmak, şeýle hem bagy-bossanlyga öwürmek we bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp we olara işinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.