Bu gün köşgüň belent zalynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň teatrlarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk çärelerini Türkmenistanyň uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň syýasy geňeşi, jemgyýetçilik guramalary, Goranmak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilelikde guradylar.

Türkmenistanda öz gahrymanlaryna çuňňur sarpa goýlup, weteranlara, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garaýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk gahrymanlary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandyr. Weteranlaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şonda ileri tutulýar.

«Mekan» köşgündäki dabara ýeňiş gününi ýakynlaşdyran gahrymanlara çuňňur hoşallyk we hormatlamak duýgusyna beslenen mähirli ýagdaýda geçirildi. Ak saçly uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylygyna we edermenligine baş egmek hem-de olary beýik baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlamak üçin bu ýere ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher häkimliginiň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri, köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Beýik ýeňşiň gazanylan gününden bäri 70 ýyl geçdi, emma biziň gahrymanlarymyzyň atlary we edermenligi baradaky hakyda öçmez-ýitmezdir. Olar ene topragymyzy goraýjylaryň, şeýle hem Ýeňşiň hatyrasyna gije-gündiz zähmet çeken tylyň janypkeş zähmetkeşleriniň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýän türkmen halkynyň kalbynda baky ýaşar.

Weteranlar öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, asylly ylalaşdyryjylyk işi we häzir ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Weteranlar uruş ýyllarynyň agyr günlerini, ene topraga bolan çäksiz söýginiň agyr synaglara döz gelmekde we adamzadyň taryhynda gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigini ýatladylar.

Biziň gadyrly weteranlarymyzyň — gaýduwsyz gahrymanlarymyzyň we Watan goragçylarymyzyň belent edermenligi ýaşlar üçin watançylygyň beýik nusgasy, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki neslini Watana çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde mynasyp ýol görkeziji bolup galar.

Dabaranyň gahrymanlaryna — uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzyň döredijilik toparlary baý mazmunly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Garaşsyz Watanymyzy we onuň edermen halkyny wasp edýän watançylyk aýdymlary watan gahrymanlaryna bagyşlandy. Biziň hemmämiz üçin parahatçylygy gorap saklan we Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran weteranlaryň hormatyna ýerine ýetirilen joşgunly tanslar tolgundyryjy duşuşyga öwüşgin çaýdy.

Ýeri gelende aýtsak, Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler maý aýynyň ilkinji gününden başlap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. «Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly nesillere görelde mekdebidir» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat şanly waka öwrüldi. Ol 1-nji maýda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Berdimuhammet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň — gahryman ynsanyň, esgeriň we mugallymyň tutanýerli zähmeti bilen watandaşlarynyň çäksiz hormatyny gazanan ynsanyň adyny göterýän bu orta mekdep usulyýet merkezine hem-de möhüm jemgyýetçilik — watançylyk çäreleriniň geçilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde şeýle hem 8-nji maýda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň watançylaryny ösdürip ýetişdirmek — bilim ulgamynyň wekilleriniň mukaddes borjy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, şu günler tutuş ýurdumyz boýunça ministrliklerde we pudak edaralarynda, ýokary, orta we ýörite okuw mekdeplerinde, medeniýet merkezlerinde, harby bölümlerde we beýleki ýerlerde urşuň weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşyklar geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sazly we teatrlaşdyrylan çykyşlar, şygryýet agşamlary, sergiler, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guralýar. Şolarda ýurdumyzda uly üns we mynasyp hormat bilen gurşalyp alnan urşuň we tylyň weteranlaryna gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Ýeňiş gününiň hormatyna 4-nji maýda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde baýramçylyk konserti geçirildi. «Watanyň gahrymanlary — ýaşlar üçin görelde» diýen şygar astynda milli gahrymanlar bilen duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň maslahatlar zalynda geçirildi.

Ýurdumyzyň türgenleri hem ajaýyp çykyşlaryny Ýeňiş baýramyna bagyşlaýarlar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň sport merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, milli oýunlar we Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda weteranlar bilen dabaraly duşuşyklar hem-de meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, ýurdumyzyň görnükli tans toparlarynyň gatnaşmagynda «Parahat» we «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezlerinde uly baýramçylyk konsertleri geçirildi. 7-nji maýda urşuň gahrymanlarynyň hormatyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýinde çäre geçirildi. Şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda «1941-1945-nji ýyllardaky urşuň taryhy — watançylygyň nusgalyk göreldesi» atly ylmy maslahat geçirildi.

9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňiş baýramy gününde ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen wepat bolan milli gahrymanlarymyz sarpalanar.

Ýeňiş gününde Aşgabatda «Toý mekany» dynç alyş merkeziniň belent gümmeziniň astynda uly baýramçylyk konserti geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi hem-de Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi onuň guramaçylary bolup çykyş eder. Konserte iň oňat estrada ýerine ýetirijileri, tans we beýleki döredijilik toparlary gatnaşarlar.

9-njy maýda Beýik Ýeňşiň hormatyna «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlarynda we baýramçylyk meýdançalarynda baýramçylyk çäreleri geçiriler. Meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, zehinli estrada ýerine ýetirijileriň we bagşylaryň gatnaşmagyndaky dabaraly konsertler ýurdumyzyň Medeniýet, Bilim, Goranmak ministrlikleri, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralar. Köpsanly dabaralaryň esasy gahrymanlary, elbetde, uruş we zähmet weteranlary bolar. Olara şeýle hem ýurdumyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, talyp ýaşlar, zähmet toparlarynyň wekilleri gatnaşar.