Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) goldaw bermeginde guralan wekilçilikli maslahat Türkmenistanda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna hem-de şu gün bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan halkara çäreleriniň çäklerinde geçirilýär.

Maslahat Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini we bilermenlerini, Ýewropanyň 30-dan gowrak ýurdunyň hem-de BSGG-niň beýleki sebitleriniň wekillerini, şol sanda saglygy goraýyş ministrlerini, görnükli alymlary we beýleki hünärmenleri Aşgabatda jemledi. Olaryň köpüsi düýn Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny bütin dünýäde wagyz etmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirmegine goşan goşandy, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanylan uly üstünlikler üçin ýurdumyzyň ýokary sylaglary bilen sylaglanyldy.

Saglygy goraýyş forumyna gatnaşyjylaryň hatarynda şu gün türkmen paýtagtynda öz işini tamamlaýan “Saglyk-2015” halkara sergisine gatnaşyjylar bar. Bu giň möçberli ýöriteleşdirilen sergi öňdebaryjy usullary we innowasion taslamalary özleşdirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de okgunly özleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze möhüm ädim boldy.

“Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Türkmen paýtagtynda şeýle ähmiýetli halkara çäresiniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda milletimiziň beden we ruhy saglygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan çäreleriň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Şu maslahat dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirýändiginiň, türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu ileri tutulýan ugurda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine saldamly goşandygynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk adamzady goramaga gönükdirilen strategiýa hökmünde kabul edilýär. Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň bu işleri amala aşyrmakda eýeleýän möhüm orny äşgärdir. Türkmenistan parahatçylyga we ösüşe, döredijilige hem-de ynsanperwerlige degişli başlangyçlary öňe sürüp, adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özara gatnaşyklary bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzy bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk oňyn tejribesi baglanyşdyrýar. Saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilatyň saglygyny goramakda Türkmenistanyň ajaýyp üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde ýurdumyza halkara güwänamalaryny gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilmegi baradaky halkara güwänamalary bar. Türkmen lukmanlarynyň bu ulgamdaky tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýradylmagy babatda maslahat berilmegi hem uly ähmiýete eýedir. BSGG eneligi we çagalygy goramak meselelerini çözmekde, azyk önümlerini baýlaşdyrmak hem-de ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek boýunça giň möçberli milli taslamalary amala aşyrmakda, çagalaryň sanjymyny geçirmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny giňden goldaýar. Sanjymyň gerimi boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeleýär.

Ýurdumyz BSGG-niň halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen işine saldam goşant goşmaga çalyşýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça BSGG-niň 2013-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýewropa ministrler maslahatyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, şu halkara forumynda “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünleri babatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi. Onda BSGG-niň çäklerinde ýurtlaryň bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň, iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyny döredýär we ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa temmäkä garşy göreşmekde ägirt uly goşandy üçin ýörite baýragyň gowşurylmagyny aýdyň mysallaryň hatarynda görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyza BSGG-niň ýadygärlik medalyny we Minnetdarlyk şahadatnamasyny bu abraýly guramanyň Baş direktory hanym Margaret Çan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatda bolan duşuşykda gowşurdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Margaret Çan tarapyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurylan sylag saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň netijeliliginiň ýene-de bir ajaýyp nyşany, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijelerine berlen ýokary baha boldy.

“Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ähli özgertmelerimiziň, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalarymyzyň esasy maksady halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýar. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň jemini jemläp, biz geljek barada pikir edýäris. Hormatly Prezidentimiziň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda tassyklan täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy ozal kabul edilen resminamalar—Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň şypahana gullugyny ösdürmek baradaky milli maksatnamasy we beýleki möhüm maksatnamalar we taslamalar bilen birlikde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri pugtalandyrmaga we artdyrmaga, ylmyň hem-de innowasin tehnologiýalaryň öňdebarjy gazananlaryna daýanmak arkaly milli lukmançylygy ösdürmäge täze itergi bermelidir. Bu maksatnamalar şeýle hem türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmäge we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, saglygy goraýşy dolandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, lukmançylyk bilimini we ylmyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan müňýyllygyň ösüş maksatlaryny hem-de “Saglyk-2020” strategiýasynyň wezipelerini nazar almak bilen, häzirkizaman saglygy goraýyş milli syýasatyny işläp düzüp, diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen we ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda hem ähli çäreleri görýär. “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün Aşgabatda açylýan halkara saglygy goraýyş maslahatynyň esasy aýratynlygynyň bütin dünýäde häzirki zaman jemgyýetini ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde adamyň saglygy bilen baglanyşykly bolmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ol saglyk meselelerine çuňňur düşünilmegine saldamly goşant goşmalydyr. Aşgadat duşuşygynyň esasy maksady saglygy goraýyş meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, özara peýdaly tejribe alyşmakdan hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen umumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmekden ybaratdyr.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary mähirli garşyladylar.

Soňra binanyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz halkara maslahatyna gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen mähirli salamlaşýar.

Halkara saglygy goraýyş maslahatynyň resmi banneriniň öňünde bilelikde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, döwlet Baştutanymyz maslahatyň işine gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, häzirki döwrüň derwaýys meselelerine degişli, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär diýip milli Liderimiz aýtdy. .

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýändigini aýdyp, şu maksat bilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini, şu ýyl bu Maksatnamanyň kabul edilenine 20 ýyl dolýandygyny, şu günki geçirýän halkara maslahatynyň hem şu şanly senä bagyşlanýandygyny belledi.

Biz maslahata dürli ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagyny ýurdumyza goýlan hormatyň, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini ykrar etmegiň nyşany hasaplaýarys. Döwletleriň ösmeginiň, adamlaryň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine bu ulgamda giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda berkarar Watanymyzyň tutýan ornuna berlen ýokary baha hökmünde garaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Raýatlarymyzyň saglygy barada alada etmek döwletiň borjudyr. Her bir döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösmeginiň girewidir. Şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwleti geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni täze, belent sepgitlere ýetmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek, ilatymyzyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak wezipeleriniň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydygyna çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly itergi beren «Saglyk» döwlet maksatnamasy hem şu wezipelerden ugur alnyp kabul edildi. Şu döwürde Maksatnamada kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp baryldy, saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşdirildi.

Häzirki döwürde «Saglyk» döwlet maksatnamasy Prezident maksatnamasy, «Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011–2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy we ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýleki maksatnamalar bilen utgaşykly amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we türkmen döwletiniň alyp barýan içeri syýasatynyň, ilkinji nobatda, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilendigini nygtady.

«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu Maksatnama laýyklykda saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy girizildi. Bu çäre ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda we raýatlary durmuş taýdan goramakda aýgytly ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde geçen ýyllaryň dowamynda köp işleriň amala aşyrylandygyna ünsi çekip, keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilendigini, ilatymyzy elýeterli, oňat hilli we ýokary derejeli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygyny, ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça zerur işler geçirilendigini nygtady.

Şu özgertmeleriň barşynda her bir maşgalanyň saglygyny goramaga gönükdirilen hyzmatlar ýola goýuldy, saglygy goraýyş edaralaryny maliýeleşdirmek ulgamy özgerdildi, saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagyny pugtalandyrmaga we hassahana orunlaryny rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, edara görnüşli taraplaryň hem-de raýatlaryň saglygy goraýyş we dermançylyk işiniň aýry-aýry görnüşleri ygtyýarlandyryldy, saglygy goraýşyň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işler geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi, saglygy goraýyş ylmyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mundan başga-da, geçen döwürde saglygy goraýşyň guramaçylyk we dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem giň gerim bilen alnyp baryldy. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi. Saglygy goraýşy dolandyrmakda müdirlikleriň we edara-kärhanalaryň ygtyýarlyklary giňeldildi. Bu bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini guramaçylyk-usulyýet, seljeriş we baha beriş merkezine öwürmäge mümkinçilik berdi.

Geçirilen özgertmeleriň netijesinde, welaýat merkezlerindäki Saglygy goraýyş bölümleri ýatyrylyp, olaryň wezipeleri welaýat Saglygy goraýyş müdirliklerine berildi. Şeýle hem, şäherlerdäki Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň birnäçesi birleşdirilip, olaryň binýadynda bir bitewi gulluklar döredildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada aýdyp, ähli derejedäki saglygy goraýyş edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça degişli resminamalaryň kabul edilendigini, maşgala lukmanlarynyň we maşgala şepagat uýalarynyň wezipeleriniň takyk kesgitlenendigini, ilata maşgala lukmançylygy usulynda saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmegiň hukuk binýadynyň döredilendigini, raýatlaryň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň taýýarlanandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy baradaky şertnamany baglaşmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň işlenip düzülendigini aýdyp, häzirki wagtda döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy şertnamasyny ýurdumyz boýunça 1 millon 700 müň raýatyň baglaşandygyny belledi. Jemi 3 milliondan gowrak adam döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýar.

Bu ätiýaçlandyrma Türkmenistanyň raýatlaryna we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalara bahasy 90 göterim arzanladylan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň 128 görnüşini döwlet dermanhanalaryndan almaga şert döretdi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden peýadalanmaga mümkinçilik berdi. Bulardan başga-da, ätiýaçlandyrylan raýatlar we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalar ýylda bir gezek Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda 50 göterim möçberinde arzanladylan töleg esasynda saglyklaryny berkidýärler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilkinji lukmançylyk kömeginiň täze ulgamy girizildi. Oba we şäherçe hassahanalary, oba lukmançylyk gatnap bejergi alyş edaralary, feldşer-akuşer nokatlary ilata ilkinji lukmançylyk hyzmatlaryny edýän oba saglyk merkezlerine we saglyk öýlerine öwrüldi. Olar etrap hassahanalarynyň düzümine girizildi.

Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşy üýtgedildi. Özbaşdak hereket edýän kiçi hassahanalar birleşdirilip, olaryň binýadynda köpugurly uly hassahanalar döredildi. Ýatymlaýyn bejergi berýän edaralaryň umumy sany 1995-nji ýylda 395 bolan bolsa, 2014-nji ýyla çenli olar 67 göterim azaldyldy. Saglygy goraýşyň çeşmelerini rejeli ulanmak netijesinde, hassahana orunlary tapgyrlaýyn 48 göterim azaldyldy. Ilatyň bu ugurdaky üpjünçiligi 2014-nji ýylda her 10 müň adam üçin 41,1 orna ýetirildi.

Maşgala lukmançylygy usulynyň girizilmegi we ýatymlaýyn şertlerde berilýän lukmançylyk kömeginiň gowulanmagy esasynda ilata edilýän saglygy goraýyş kömeginiň hili has-da ýokarlandy. Saglyk öýlerinde gündizki ýatymlaýyn bejeriş bölümleri giňden ornaşdyryldy. Býujetden maliýeleşdirilýän orunlar bilen bir hatarda, hojalyk hasaplaşygy esasynda maliýeleşdirilýän orunlar hem girizildi. Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde maşgala lukmany hünäri girizildi. Şeýle hem, Maşgala lukmanlarynyň hünärini kämilleşdiriş kafedrasy döredildi we hereket edýär.

Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, Anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri we beýleki ýöriteleşdirilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary döredildi.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk kömegini bermek üçin paýtagtymyzda düzümine Kardiologiýa, Iç keselleri, Saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», Kelle we boýun kesellerini bejeriş, Göz keselleri, Stomatologiýa merkezleri girýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti döredildi. Şeýle hem, düzüminde inçekeseli bejeriş-öňüni alyş, deri-wenerologiýa hassahanasy, ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezleri, Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi, Gan merkezi we merkezleşdirilen barlaghanasy bolan Ýokanç keseller merkezleri müdiriýeti döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ylmynyň gazananlaryny amaly saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmak, geçirilýän ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag institutlary ylmy-kliniki merkezlere öwrüldi. Bu bolsa, ylmy barlaglary bejeriş-öňüni alyş işleri bilen utgaşdyryp alyp barmaga mümkinçilik döretdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmegiň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini aýdyp, şu maksat bilen kabul edilen «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013–2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.Iýmitlenmek bilen bagly ýüze çykýan ýokanç däl keselleriň öňüni almakda azyk önümlerini ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzda nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek arkaly keselleriň öňüni almak boýunça döwlet derejesinde giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda halkara gatnaşyklary meselesine geçip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy hem-de beýleki halkara guramalary, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş we ylmy-barlag merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri ýokary derejede netijeli ulanylýar. Bu bolsa, Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny berkitmäge we jemgyýetimiziň sagdynlygynyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigini, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygyny, nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar döwletimize gowşuryldy. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça hem ägirt uly işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, beýik geljeginiň bähbidine jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna göreş çärelerini güýçlendirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz nygtady.

2000-nji ýyldan başlap, ýurdumyzda temmäkä garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Häzirki döwürde bu işe döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi çekildi. Bu ugurda dürli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetler döredildi. «Il saglygy – ýurt baýlygy!» ýörelgesi ilatymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär.

2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady. Bu Guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde «Saglyk–2020» syýasatynyň çäklerinde 2012–2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereket etmegiň milli meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Bu meýilnama häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

2013-nji ýylyň dekabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglyk–2020» syýasatynyň çäklerinde Ýewropanyň ministrler maslahatynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda abraýly halkara we sebit guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezlerinde öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, döwletimiz bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, bilelikdäki dürli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi üçin, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna, onuň Ýewropa sebiti boýunça edarasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeler biziň döwrüň ruhuna laýyklykda ynamly öňe barýandygymyzy aýdyň görkezýär. Biz şu gün «Saglyk» döwlet maksatnamasy göz öňünde tutulan anyk maksatlara we wezipelere laýyklykda üstünlikli amala aşyryldy diýip ynam bilen aýdyp bileris. Häzirki döwürde biziň öňümizde has uly we jogapkärli wezipeler, belent maksatlar durýar. Öňümizde durýan bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory hanym Margaret Çana söz berdi.

BSGG-niň baştutany halkara maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň hökümetine forumyň ýokary derejede guralandygy, oňa gatnaşmaga çakylygy hem-de mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Hanym Çan halkara maslahatynyň gün tertibiniň wajypdygyny belläp, dünýä bileleşiginiň Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de durnukly ösüş boýunça täze maksatlary kesgitlemek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň bosagasynda durandygyny nygtady.

BSGG-niň Baş direktory BMG-niň agzalary bolan 193 döwletiň hem-de halkara guramalaryň 23-siniň 2015-nji ýyla çenli ýetmek barada ylalaşan müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň gazananlarynyň hatarynda çaga ölüminiň her ýylky görkezijisiniň azalandygyny görkezdi. Onýyllyklaryň dowamynda bu görkeziji 10 milliondan geçýärdi, häzirki wagtda bolsa ol 6,3 milliona çenli azaldy we bu görkezijiniň peselmegi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Çan dünýäde AIDS-e garşy göreşmek ulgamynda ösüşiň gazanylandygyny, gyzzyrma we inçekesele garşy göreşmekde ýurtlaryň işjeňliginiň ýokarlanandygyny, şeýle hem açlyk meselesini çözmekde öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy. BSGG-niň ýolbaşçysy bu gazanylanlaryň saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilýän maýa serişdeleriniň oňyn netijeleri berýändigini belläp, bu işde Türkmenistanyň ornuny nygtady. “Men mundan beýläk hem Siziň öňbaşçy bolmagyňyzy we bu ugurda görelde görkezmegiňizi isleýärin” diýip, hanym Margaret Çan aýtdy.

BSGG-niň ýolbaşçysy häzirki wagtda möçberi boýunça ýokanç kesellerden öňe geçen ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça işleriň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmekde gazanan üstünliklerini belledi. 2011-nji ýylyň mart aýynda Siz BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny tassykladyňyz, ýöne baryp 2000-nji ýylda Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edilipdi, BSGG-niň golaýdaky syny bolsa ýurtda ilatyň diňe 8 göteriminiň çilim çekýändigini tassyklady, bu bolsa bütin dünýäde iň pes milli görkezijidir diýip, BSGG-niň Baş direktory aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzy bu üstünlik bilen gutlady. Şeýle üstünligiň gazanylmagy ýurduň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

BSGG-niň ýolbaşçysy häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan Ösüş meýilnamasy barada durup geçip, onuň BMG-niň taryhynda iň iri maslahat beriş çäresiniň netijesi bolup durýandygyny belledi. Bu meýilnamany sentýabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda teklip edilen durnukly ösüş boýunça meýilnama özüne 17 maksady hem-de 169 wezipäni birleşdirýär. Saglygy goraýyş meseleleri üçünji maksatda jemlenendir. Ileri tutulýan maksatlaryň hatarynda ýokanç däl kesellere we şikes almalara garşy göreşmek, şeýle hem ilaty saglygy goraýyş ulgamy bilen gurşap almak wezipeleri bar diýip, Margaret Çan aýtdy hem-de sagdynlyga beýleki maksatlara ýetmegiň goşandy, şeýle hem durnukly ösüşiň ygtybarly görkezijisi hökmünde garalýandygyny nygtady. Ilaty saglygy goraýyş ulgamy bilen hemmetaraplaýyn gurşap almak täze gün tertibiniň ruhuny beýan edýär. Şoňa görä-de, bu çärä dünýäniň dürli ýurtlarynyň ilatynyň ähli toparlaryny çekmek we olar üçin deň mümkinçilikleri döretmek wajypdyr diýip, BSGG-niň baştutany aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda BSGG-niň ýolbaşçysy saglygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Munuň özi netijeli pikir alyşmak, hünärmenleri, tehnologiýalary, tejribe alyşmak üçin möhüm binýat bolup durýar. Myhman şu maksatlara ýakynlaşmaga ýardam etjek bu forumyň netijeli işlemegini arzuw etdi.

Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda BSGG-niň Baş direktory hanym Margaret Çan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “BSGG-niň Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmäge goşan ajaýyp goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa” diýen minnetdarlyk ýazgysyny gowşurdy.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, umumydünýä ösüşine oňyn täsir edýän BSGG-niň giňişligindäki köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we munuň üçin bizde ähli şertleriň bardygyny nygtady. Bizi umumy gymmatlyklar we umumy jogapkärçilik, dünýä bileleşiginiň öňünde duran wezipeleriň many-mazmunyna düşünmek duýgulary baglanyşdyrýar. Biz öňe gitmek meýlimizde bitewüdiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Žužanna Ýakaba söz berdi.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize we foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, şanly waka—“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegi hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan täze 10 ýyllyk maksatnamanyň herekete girizilmegi bilen, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde täze tapgyryň başlanmagy mynasybetli Aşgabatda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. BSSG-niň sebit bölüminiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, bu wakalaryň ähmiýeti örän uludyr, çünki olar 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş babatda gün tertibiniň kabul ediljek ýylynda bolup geçýär. Şol gün tertibinde bolsa saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn orun berilýär. Hanym Žužanna Ýakab döwlet Baştutanymyzy minnetdarlyk ýazgysynyň gowşurylmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölümi bilen hyzmatdaşlygynyň abraýly sylag bilen sylaglanmagyny görmegiň özi üçin hormatdygyny nygtady.

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, soňky 20 ýylyň dowamynda ýurdumyzda köpsanly möhüm wakalaryň bolup geçendigini belledi. Olaryň hatarynda ömrüň dowamlylygynyň görkezijileriniň ep-esli ýokarlanmagyny, ýokanç we respirator kesellerden heläk bolýanlaryň sanynyň has azalmagyny, eneleriň we 15 ýaşyna çenli bolan çagalaryň ölüminiň görkezijileriniň ep-esli peselmegini görkezmek bolar. Poliomielit, gyzzyrma we drakunkulýoz ýaly keseller hemişelik aradan aýryldy. Ilatyň saglygynyň bähbidine Türkmenistanda 2004-nji ýyldan bäri duzuň ählumumy ýodlaşdyrylyşy amala aşyrylýar.

Hanym Žužanna Ýakab Ýewropa sebitindäki agza döwletleriň adyndan türkmen döwletiniň Baştutanyna 2013-nji ýylyň dekabrynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatynyň geçirilendigi üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň geçirilmeginiň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegine ýardam edendigini belledi. Soňra bu jarnama BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça komiteti tarapyndan tassyklanyldy hem-de Ýewropa sebitinde bu ulgamda işlemegiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Hanym Žužanna Ýakab bu ugurda bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýygnananlara geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça Ýewropa sebit edarasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan milli strategiýanyň tassyklanylandygyny aýtdy. Häzirki wagtda bu strategiýany durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasyny işläp taýýarlamak maksady bilen ýurdumyzda döredilen ýokary derejedäki pudagara komitetiniň çäklerinde bilelikdäki işiň netijeliligini belledi we öňümizdäki maslahatlaryň işine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň ýokanç däl kesellere gözegçilik etmegiň ählumumy guraly, şeýle hem “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünleri bilen ylalaşykly milli maksatnamalaýyn ugurlary we görkezijileri tassyklandygy bellenildi. 2014-2015-nji ýyllarda ýurdumyz “Saglyk hemmeler üçin” diýen maglumatlar binýadyna goşmak üçin halkara derejesinde ýokary hilli maglumatlary bermekde uly ösüşe eýe boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň saglygy goraýyş meseleleriniň üstünde işlemek we ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmek boýunça amala aşyrýan işleri BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde durnukly ösüş ulgamyndaky işiň möhüm bölegi bolup durýar diýip, hanym Žužanna Ýakab aýtdy hem-de BSGG-niň mundan beýläk-de ýurdumyzyň ýokanç däl kesellere garşy göreşmek babatda türkmen nusgasyny döretmek boýunça tagallalaryny goldajakdygyny nygtady.

BSGG-niň sebit edarasynyň ýolbaşçysy temmäkä garşy göreşmek meselesine degip geçip, Türkmenistanyň bu işde oňat görelde we nusga bolup biljekdigini belledi. Siziň ýurduňyz BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek baradaky çarçuwaly Konwensiýasyna gol çekmekde, tassyklamakda, durmuşa geçirmekde okgunly ösüşe eýe boldy hem-de temmäkini ulanmagy Ýewropadaky iň pes derejä çenli azaltmakda gazanan uly üstünlikleriňiz Türkmenistany temmäkä garşy göreşmek ulgamynda öňdäkileriň hataryna çykarýar, Siziň ýurduňyz bütin dünýä görelde görkezýär diýip, hanym Žužanna Ýakab sözüni dowam etdi. “Men temmäkä garşy göreşmek barada Ýewropa sebit taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu taslama şu forumda resmi taýdan badalga berler” diýip, myhman aýtdy.

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň döreden milli saglygy goraýyş nusgasynyň bu ulgama gönükdirilen serişdeleriň garaşylýan netijäni berýändigini hem-de täze milli maksatnamanyň çäklerinde bu işi mundan beýläk-de dowam etmegi talap edýändigini tassyklady.

Hanym Žužanna Ýakab çykyşyny tamamlap, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy üçin Türkmenistanyň soňky 20 ýylda amala aşyran işlerine baha bermäge gatnaşmagyň hem-de “Saglyk—2020” syýasatynyň düzgünlerine laýyklykda, geljek 10 ýyl üçin milli saglygy goraýşyň strategiki esaslaryny kemala getirmekde hyzmatdaş bolup çykyş etmegiň uly hormatdygyny belledi. Munuň özi BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda has ysnyşykly we netijeli häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda möhüm saglygy goraýyş maslahatynyň geçirilmegi bilen gutlap, şu forumyň türkmen halkynyň saglygynyň we abadançylygynyň görkezijilerini gowulandyrmaga gönükdirilen geljekki hereketleriň ýollaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Siziň ýurduňyza her ýyl gelip görmek meniň üçin uly hormat-sarpadyr diýip, hanym Žužanna Ýakab aýtdy we Aşgabat maslahatyna üstünlikli hem-de netijeli işlemegi arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysyna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň BSGG-niň agzasy bolmagynyň, onuň işine işjeň gatnaşmagynyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýäris, soňky ýyllarda äşgär görünýän ösüşlere ýokary baha berýäris we hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklaryň wajypdygyna oňat düşünýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BSGG-niň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleriň gurallaryny döretmek meseleleriniň giň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylmagyny işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Biz öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaş döwletler hem-de halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň başlygy hanym Wera da Kosta e Silwa söz berilýär. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy bilen gutlady.

Wera da Kosta e Silwa şeýle hem Türkmenistanyň ýokary netijä eýe bolmagyna – çilim çekýän ilatyň sanynyň 8 göterime çenli azaldylmagyna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyza “Temmäkisiz Ýewropa” konwensiýasynyň ilerledilmegi üçin hoşallyk bildirdi.

Hanym Wera da Kosta e Silwanyň belleýşi ýaly, “Saglyk-2020-niň” gün tertibinden Aşgabat Jarnamasyna çenli Ýewropada jemgyýetçilik saglygyna degişli esasy meseleleri çözmek üçin berk hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hiç hili ylalaşygy BSGG-niň temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasy bilen deňeşdirmek bolmaz, çünki bu konwensiýa milli halkara hyzmatdaşlyk üçin görelde boldy. Ol temmäki önümlerine bolan islegleriň azalmagy boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, hanym Wera da Kosta e Silwa aýtdy we bu ugurda geljekde hem üstünlikli işlemek üçin saglygy goraýyş ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygy, bilim, oba hojalygy, söwda we gümrük, maliýe ulgamlary bilen bilelikdäki işini höweslendirmegiň wajypdygyny nygtady. Saglyk baradaky öňüni alyş maglumatlaryny ulanmak, çilimkeşlikden azat zolaklary guramak, temmäkiniň mahabatyny gadagan etmek, temmäki senagatyna bagly bolanlar üçin alternatiw serişdeleri üpjün etmek hem-de bikanun söwda garşy göreşmek – bular temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasy düzgünleriniň diňe bir bölegidir diýip, hanym Wera da Kosta e Silwa aýtdy.

Myhman bu baradaky gürrüňi dowam edip, temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýokanç däl keselleriň esasy çeşmeleriniň biri bolan temmäki senagatyna garşy göreşmek üçin mümkinçilik döredýändigini belledi. Düzgünleriň biri hökümetiň ilatyň saglygyny temmäki senagatynyň goşulyşmagyndan goramak hukugyny üpjün edýär. Borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berilmegi bolsa ýurtlara alkogolly içgileri, azyk önümlerini we beýlekileri ulanmak ýaly töwekgelçilikleriň beýleki şertleri babatda hereketlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Myhman häzirki wagtad temmäki senagatynyň bähbitlerini işjeň ilerletmek BSGG-niň temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň amala aşyrylmagyna uly howp salýar diýip belledi we muňa anyk mysallary getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Wera da Kosta e Silwa syýasatyň ähli ulgamlarynda saglyk başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, 2030-njy ýyla çenli ýokanç däl kesellerden, şol sanda çilimkeşlik bilen baglanyşykly kesellerden biwagt ölümleriň görkezijilerini üçden bir bölege çenli azaldylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem temmäki önümlerine salgytlary ýokarlandyrmak baradaky çäreleriň täsirliligi bellenildi.

Hanym Wera da Kosta e Silwa aýdylanlary jemläp, BSGG-niň temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, onuň esasy ýörelgeleriniň we maslahatlarynyň doly möçberde amala aşyrylmagynyň, şeýle hem temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny aradan aýyrmak hakyndak teswirnama gol çekilmeginiň dünýäniň ähli ilatynyň saglygyny üpjün etmek üçin örän möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Temmäkiniň ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça hökümet derejesindäki çäreleriň görülmegi, şeýle hem ösüş maksady bilen kömek bermek maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi temmäkä garşy ählumumy göreşi işjeňleşdirmäge we şeýlelikde, müňlerçe adamlaryň ömrüni halas etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň başlygy hanym Wera da Kosta e Silwa çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara ýüzlenmek bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini belledi. BMG agza ýurtlaryň arasynda giňden pikir alyşmak üçin binýady döretmek babatda uly taryha eýedi. Soňky döwürde bu işler has okgunly häsiýete eýe boldy we biz muny doly goldaýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de häzirki ösüşiň wajyp meseleleriniň çözgütlerini gözlemekde BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Saglygy goraýyş bolsa şol meseleleriň hatarynda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, şol sanda onuň sebit edarasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek belläp, BSGG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, bitaraplyk syýasatyny wagyz etmäge, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanylan üstünliklere uly goşant goşandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlygyň netijeliligi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki ösüşiniň ýokary depginlerinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çany we Guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory hanym Žužanna Ýakaby “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany yglan edýär. Milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda BSGG-niň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlary ýokary döwlet sylaglary bilen mähirli gutlap, olara berk jan saglyk, adamzadyň ösüşine, saglygyna we abadançylygyna gönükdirilen asylly işinde üstünlik arzuw etdi.

BSGG-niň Baş direktory Margaret Çan we BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Žužanna Ýakab hormat – sarpa üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ählumumy abadançylygyň we sagdynlygyň bähbidine ýrdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek meýlini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň umumy mejlisiniň jemini jemläp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlendi we gyzykly hem-de çuň manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine umumy maksatlara ýetmek, adamlaryň saglygyny berkitmek üçin halkara başlangyçlaryny birleşdirmek biziň bilelikdäki işimiziň esasy wezipesidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Munuň şeýledigini myhmanlarymzyň çuň manyly çykyşlary hem tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän halkara saglygy goraýyş maslahatynyň maksatlary barada aýdyp, bu forumyň öňümizde goýlan wezipeleriň ähmiýetine çuňňur düşünmäge we göz ýetirmäge, sebit we halkara derejesinde geçirilýän işleri netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini, toplanan tejribäniň we hünär bilimleriniň esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga oňyn täsir etjekdigini belledi. Häzirki wagtda şeýle gatnaşyklar saglygy goraýyş ulgamynda milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde oňat netijeleri berýär, şeýle hem ähli döwletlere dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny üstünlikli ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz halkara saglygy goraýyş maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi. Çünki, adamlaryň saglygyny goramak we olaryň abadançylygyny üpjün etmek beýik maksatdyr. Bu wezipeleri çözmekde döwletleriň ählisi belent maksatlardan hem-de ynsanperwerlik gymmatlyklaryndan ugur alyp, bilelikde hereket etmelidirler we birek-birege kömek bermelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilmegine şaýat bolmak meniň üçin örän ýakymlydyr, biz gazanylan üstünliklere buýsanmaga haklydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz BSGG-niň ýolbaşçylaryna – hanym Margaret Çana we Žužanna Ýakaba BSGG-niň adyndan minnetdarlyk ýazgysynyň gowşurylmagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara ykrarnamasynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, döwrebap keseli anyklaýyş we bejeriş merkezlerini gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biz bu üstünliklere BSGG we beýleki käbir sebit guramalary bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde eýe boldyk. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biz mundan beýläk hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkideris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz ýygnananlary halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, foruma gatnaşyjylara berk jan saglyk we netijeli hem-de üstünlikli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şu günüň birinji ýarymynda Halkara saglygy goraýyş maslahaty öz işini mowzuklaýyn bölümlerdäki mejlislerde dowam etdi. “Ilatyň saglygyny goramak boýunça işler: soňky 20 ýylda ýetilen milli sepgitler we geljege garaýyşlar” atly mejlisiň barşynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijeleri hem-de täze Maksatnamanyň we ony ýerine ýetirmeginiň meýilnamasynyň maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge, beýleki ýurtlaryň esasy hünärmenlerini hyzmatdaşlyga çekmäge ýardam edýän giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda aýratyn ornuny bellediler. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda döredilýän milli nusga aýratyn üns berildi. Onuň ähmiýeti ylmyň, bilimiň we iş ýüzündäki saglygy goraýşyň utgaşmagyndan ybaratdyr. Munuň özi lukmançylyk tejribesinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga ýardam edýär, hünär okuwynyň üznüksiz häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär diýip, çykyş edenler bellediler.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde öz ýurtlarynyň gazananlaryny beýan etdiler.

Ikinji mejlis “Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça gazanylan netijeler we indiki ýyllara garaýyşlar” diýlip atlandyryldy. Bu mejlis oňa gatnaşyjylara soňky 15 ýylda Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljermäge, şeýle hem Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşynda toplanan tejribäni nazara almak bilen geljek üçin wezipeli kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

“Ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almakda we gözegçilik etmekde öňe gidişlikler: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Temmäki gözegçiligi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň mysaly” atly mejlisiň barşynda BSGG-niň şu Çarçuwaly Konwensiýasyna aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, bu taslama Türkmenistan tarapyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek baradaky Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmagyň bölegi hökmünde goldanylýar. Temmäkiniň ulanylmagyna garşy göreşmek, sebit we ählumumy möçberde temmäki önümleriniň ýaýradylmagyny çäklendirmäge gönükdirilen degişli strategiýany we çäreleri işläp taýýarlamak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň hem-de ilatyň arasynda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda çilimkeşlige garşy göreşmek baradaky çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň sagdyn durmuşyny kemala getirmäge gönükdirilen beýleki çäreler bilen birlikde çilimkeşligiň öňüni almak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Foruma gatnaşyjylar “Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek: Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek” atly temmäkä gözegçilik etmek boýunça sebitleýin taslamasyna badalga bermek başlangyjyny goldadylar.

Ertir halkara maslahat “Daşary syýasat we bitaraplyk: saglygyň bähbitleriniň gullugynda” hem-de “Saglyk-2020” sebitleýin syýasatynyň we milli işleriniň çäklerinde saglyk babatynda alnyp barylýan pudagara işler” atly mejlislerde dowam etdiriler. Olara gatnaşyjylar ählumumy saglygy goraýşyň meselelerine gararlar hem-de “Saglyk-2020” syýasatynyň çäklerinde saglygyň bähbidine pudagara çäreleriň synyny geçirerler.

Jemleýji mejlisde halkara saglygy goraýyş maslahatynyň netijeleri jemleniler we onuň ýapylyş dabarasy bolar.

“Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň çäklerinde halkara guramalaryň gatnaşmagynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan meseleleri boýunça ýokary derejedäki milli baş ýörelgeler maslahaty hem geçiriler.

Ýurdumyzyň myhmanlary üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Halkara saglygy goraýyş maslahatyna, şeýle hem “Saglyk-2015” halkara sergisine gatnaşyjylar iri saglygy goraýyş merkezleriniň açylyş dabaralaryna hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşdylar.

Şu gün olar “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp paýtagtymyzdaky täze Mejlisler merkeziniň sahnasynda we “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde guralan baýramçylyk konsertlerine hem tomaşa etdiler.