Ak mermerli bina Arçabil şaýolunyň ugrunda peýda bolup, şäheriň günorta böleginde okgunly kemala gelýän täze dolandyryş medeni merkeziniň ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşdy.

Mejlisler merkezinde iri halkara maslahatlaryny we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle çäreleri türkmen paýtagty soňky ýyllarda yzygiderli geçirýär, şu günki dabara hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Binanyň ajaýyp keşbinde döwrebap binagärlik we dizaýnerçilik pikiri hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri sazlaşykly utgaşýar. Dört sany kiçi we 1sany uly gümmezleri öz içine alýan binanyň eýeleýän meýdany 43 müň 411 inedördül metre deňdir. Mejlisler merkeziniň öň tarapyny ak mermerli sütünler we milli nagyşlar salnan beýik witražlar bezeýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürelipdir. Bu ýerde özboluşly çyralar we çüwdürimler gurlupdyr. Täze toplumyň öňündäki esplanada 13 müň 126,1 inedördül metr meýdanda ýerleşdirilipdir.

Şanly waka mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, giň jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurtly işewürler bar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi uly joşgun bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Meýdançada milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Bitarap Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlanýar.

Wakanyň esasy pursady gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesýär—Mejlisler merkezi açylýar!

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär. Onuň giň, mermer bilen örtülen zaly milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teatr-konsert zalyna tarap ugraýar, ýolugrunda hormatly Prezidentimiz dürli iri çäreleri, şol sanda medeni, döredijilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen köpugurly täze toplumy gözden geçirýär.

Mejlisler merkeziniň 3 müň tomaşaçy orunlyk teatr-konsert zaly aklyňy haýran edýär, onuň 1500 sany orny parterde, galan orunlar her biri 700 orunlyk balkonlaryň ikisinde ýerleşýär. Onuň meýdany 2 müň 431,5 inedördül metre, giňligi 39 metre, bamyň beýikligi 20 metre barabardyr. Zalyň bezelişinde däbe öwrülen milli nagyşlar ileri tutulypdyr.

Mejlisler merkezinde ähli şertler, şol sanda konsertleri geçirmek, operalary we spektakllary görkezmek üçin döwrebap tehniki we akustiki mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Mysal üçin, simfoniki konsert geçirilende sahnada orkestr çaňňalygy gurnalýar, ol bolsa çykyşlar üçin zalyň ses aýratynlyklaryny iň amatly şertlere getirmäge ýardam edýär.

Sahnanyň aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, onuň giňligi 39 metre, beýikligi 14 metre, çuňlygy 24 metre /+10 metr sahnanyň arka tarapy/ bababardyr. Sahnanyň konsepsiýasy 18 x 1,5 ölçegde bolan 12 sany 0 we 3 m beýikligine galýan platformalar arkalary sahnany dürli derejelerde sazlamaga mümkinçilik berýär. Üýtgedilip bilinýän awanssena, islendik konfigurasiýa görä sahnany ulaltmaga, orkestr çukuryny döretmäge, kürsüleriň sanyny köpeltmäge mümkinçilik berýär.

Mejlisler merkeziniň tehniki üpjünçiligi baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, bu ýerde ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen iki sany apparat otagynyň bardygyny bellemek gerek. Alty dilde goýberilýän 6 sany Wi –Fi ýaýlym ulgam zalyň tutuş meýdanyny tutýar we 3 müň adama hyzmat edip bilýär, şunda göni terjimäni üpjün edýär. Ulgam şeýle hem signallary köpçülikleýin habar beriş zalyna we mobil telewideniýesiniň apparat otagyna ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Köpeldiji enjamly zal teatr zalynyň binasynda gurnalyp, ol esasy çap etmeleri we jiltlemeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Umuman, Mejlisler merkezinde geçiriljek konsertleriň, opera we teatr sahnalarynyň, şeýle hem forumlaryň ýokary tehniki we guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zatlar göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde artistler, sazandalar we tansçylar üçin zerur bolan şertleriň döredilendigini hem aýtmak gerek. Olaryň ygtyýarynda 26 sany geýim çalşyrylýan otag, şeýle hem dynç almak we işlemek üçin zal bar. Mejlisler merkezinde artistleriň taýýarlyk görmegi üçin iki sany ajaýyp zal göz öňünde tutulypdyr: olaryň birinde 200 sany tansçy, beýlekisinde 49 sany orkestriň sazandalary ýerleşip bilýär. Bu zallarda üýtgedilip bilinýän akustika ulgamy hem bar, olaryň her haýsynda bolsa aýratyn apparat otagy bar. Artistler üçin saz gurallarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Elbetde, bu ýerde tomaşaçylaryň, çärelere gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň amatlygy üçin ähli şertler döredildi. Olar üçin ýokary amatlykly tomaşaçylar zalyndan başga-da, geýim asylýan otag we 4 sany kafeteriýa-birinji gatda 2 sany we 2-nji gatda 2 sany kafeteriýalar göz öňünde tutuldy. Binanyň ikinji gatynda dürli ýadygärlik sowgatlary we kitaplar satylýan dükan ýerleşýär.

Ýeri gelende aýtsak, Teatral zolagyndan başga-da, bu ýerde Sergi zolagy göz öňünde tutuldy. Binanyň içindäki amatly howany döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary üpjün edýär.

... Bu gün Mejlisler merkeziniň ajaýyp köp ugurly zalynda aýratyn baýramçylyk we ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň okgunly ösmegini we halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendiren düýpli özgertmeler syýasatynyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite bellenilen ýere geçýär.

Soňra Mejlisler merkeziniň sahnasynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşmagynda konsert başlanýar. Dünýäniň saz sungatynyň görnükli ussatlarynyň we belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri onuň esasyny düzdi.

Bu baýramçylyk agşamynda Joakkino Rosininiň “Sewil sertaraşy”, Jakomo Puççininiň “Toska”, Juzeppe Werdiniň “Don Karlos”, “Attila”, “Sisil agşamy”, “Trawiata”, Petro Maskaniniň “Oba mertebesi”, Žorž Bizeniň “Karmen”, Kamil Sen-Sansyň “Samson we Dalila”, Žak Offenbahyň “Gofmanyň ertekileri” atly meşhur operalaryndan, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň ýerine ýetirmeginde Imre Kalmanyň “Silwa” we Frans Legaryň “Şadyýan dul aýal” atly belli operettalaryndan parçalar we ariýalar ýaňlandy.

Tomaşaçylar Daňatar Öwezowyň “Aýna” operasyndan ýerine ýetirilen ariýa hem mynasyp baha berdiler. Mälim bolşy ýaly, bu spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi geçen aý Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen operasynyň täzeden dörändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda sahnada goýlan birnäçe ajaýyp operalar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Ynha indi, Mejlisler merkeziniň açylmagy bilen, täze gyzykly döredijilik taslamalaryny amala aşyrmak üçin mümkinçilik döredi.

Tomaşaçylar Eduardo di Kapuanyň “O sole mio” / “Meniň günüm”/ atly meşhur neapolitan aýdymyny, şeýle hem Leo Delibanyň “Ispan aýdymy” we Gurban Kulyýewiň “Rapsodiýa” eserlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Mejlisler merkeziniň sahnasynda daşary ýutly myhmanlarymyzyň hatarynda Nil Şikoff /ABŞ/, Lýuçiýa Aliberti /Italiýa/, Wesselina Kasarowa /Şweýsariýa/ ýaly belli opera artistleri çykyş etdiler. Azerbaýjanyň M.Ahundow adyndaky döwlet opera we balet akademiki teatrynyň aýdymçysy, Azerbaýjanyň at gazanan artisti Afag Abbasowa, G.Tukaý adyndaky Tatar döwlet filarmoniýasynyň aýdymçysy Rigina Waliýewa /Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy/, Türkiýe Respublikasynyň Stambul döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçysy Sawigne Burçin öz ussatlyklary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Awstriýadan gelen tans ikewi—Paula Rostas we Gleb Şilow Frans Legaryň “Altyn we kümüş” atly walsyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet horunyň aýdymçylarynyň we “Galkynyş” orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Berkararlyk” aýdymy aýdym-saz sungatynyň hakyky baýramçylygyna öwrülen konserti jemledi.

Konsert tamamlanandan soň, körpe türkmenistanlylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Artistlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp gül çemeni gowşuryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Mejlisler merkezinden çykdy we bu ýerden ugrady.