Biz barada


Biz barada

Ak şäherimiz Aşgabat Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Şunda Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň toplumlaýyn ösüşleri, onuň täsin keşbi ähli türkmenistanlylarda bolşy ýaly, bu ugurdaky bilermenlerde hem ýakymly duýgulary döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sebitiň merjen şäherine öwrülýän Aşgabat ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, halkymyzyň buýsanjydyr. Aşgabadyň ösüşleriniň özboluşlylygy toplumlaýyn häsiýete eýeligindedir. Eziz paýtagtymyz indi dünýäniň üns merkezinde. Şäher düzüminiň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, binagärlik özboluşlylygy türkmen paýtagtynyň abraý-mertebesini Arşa galdyrdy. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi onuň ykdysady görkezijilerini, maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär edýär. Bu bolsa, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Iň esasysy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýerli hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapdy. Sport we syýahatçylyk Sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistanda sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça netijeli işler yzygiderli ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Orta Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi gysga döwürde bina edildi. Bu şäherjik 157 gektar meýdany eýeleýär. Olimpiýa şäherjiginiň çäginde 22546 inedördül metr meýdany we 1 metr çuňlugy bolan emeli köl, 5000 inedördül metr meýdanda her biri 135 ulaga niýetlenen açyk awtoduralgalar, 358 inedördül metr meýdanda 25 adamlyk bir sany kafe, sportuň gandbol görnüşi üçin3 sany, tennis görnüşi boýunça 9 sany, basketbol görnüşi boýunça 8 sany hem-de 4 sany açyk görnüşli woleýbol meýdançalary guruldy. Şäherjigiň çäginde myhmanlar we sport wekiliýetleri üçin niýetlenen 450 orunlyk "Olimpiýa" hem-de media wekilleri üçin metbugat merkezli 800 orunlyk "Sport" myhmanhalary, açyk we ýapyk awtoduralgalary, VIP sport zallary, medeni dynç alyş, lukmançylyk we halkara ýaýlyma beriş merkezleri, 45000 tomaşaçy orunlyk Olimpiýa stadiony, 12 müň adama niýetlenen ýaşaýyş toplumy hem-de işewürlik merkezi bolan döwrebap sport toplumy kemala geldi. Bu ýerde ornaşdyrylan monorels ýoly şäherjige aýratyn bezeg berýär. Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher, parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagynyň çuňňur manysy we uly ähmiýeti bardyr. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäherine halkara derejesinde şeýle uly ynam bildirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we düýpli döwrebaplaşdyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, syýahatçylyk dünýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlarynyň köpüsiniň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda hem bu ulgamyň sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Şol ugurda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyza dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany ýylsaýyn artýar. 2012-nji ýylda meşhur syýahatçylyk şäherleri we dünýäniň abraýly syýahatçylyk guramalary tarapyndan meýletin esasda döredilen Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy (SŞBF) dünýäde ilkinji döwlete dahylsyz, täjirçilik bilen meşgullanmaýan gurama bolup durýar. Ştab-kwartirasy hem-de Sekretariaty Pekinde ýerleşýär. SŞBF häzirki döwürde iri halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi. «Syýahatçylyk arkaly şäheriň durmuşyny gowulandyrmak» ýörelgesinden ugur almak bilen, bu gurama özüniň agzalaryna ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Şol hyzmatlar bolsa syýahatçylygyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. SŞBF tagallalary agzalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, syýahatçylyk şäherini ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmaga, syýahatçylyk önümlerini hem-de serişdelerini ilerletmäge, şeýle hem dünýäniň syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň düzüminde jemi agzalaryň 218-si, şol sanda agza şäherleriň 145-si, edara agzalaryň 73-si we 6 sany şahamça bar. Agza şäherler dünýäniň 73 ýurduna wekilçilik edýär. Onuň edara agzalary syýahatçylyk agentliklerini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, howa menzillerini, awiakompaniýalary, myhmanhana toplumlaryny, maliýe firmalaryny we beýlekileri öz içine alýar. Özüneçekijiligi, uly mümkinçiliklere eýedigi, syýahatçylyk ulgamynda öňdäkileriň hatarynda barýandygy netijesinde SŞBF okgunly ösýän halkara syýahatçylyk guramalarynyň biri hasaplanylýar. Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna dünýäniň uly megapoluslarynyň we syýahatçylyk merkezleriniň 50-den gowragy, şol sanda Rim, London, Berlin, Buenos-Aýres, Wena, Pariž, Los-Anjeles, Mehiko, Pekin we beýleki şäherler girýär. SŞBF her ýylky duşuşyklary şäherleriň ýüztutmasy esasynda agza şäherleriň birisinde geçirilýär. Onuň nobatdaky duşuşygy 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi. Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan diňe bir ak mermerli paýtagtymyza däl, eýsem, tutuş ýurdumyza uly hormat-sarpa goýulýandygynyň, uly ynam bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code