Bagtyýarlyk mekanydyr Aşgabat


20.02.2021
Bagtyýarlyk mekanydyr Aşgabat

        Mähriban halkymyz asyrlarboýy döwletliligi, asudalygy, halkymyzyň ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiň gülläp ösmegini, agzybirligi, jebisligi, eşretli durmuşy arzuwlap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün eziz Watanymyzda şol arzuwlar hasyl boldy, halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy. Ata-babalarymyz kämil perzent ýetişdirmegi, bag ekmegi, bina galdyrmagy, ýol, köpri gurmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagymyz bu parasatly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek bilen, mähriban halkymyza eşretli zamanany,çuň manyly eserleri peşgeş edip, ildeşlerimiziň kalbyny ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapada», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi we beýleki birnäçe eserleri mähriban halkymyz tarapyndan uly höwes bilen garşylandy. Bu eserleriň aglabasy diňe bir ildeşlerimize gowuşman, eýsem, dünýäniň köp dillerine terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Hormatly Arkadagymyzyň«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym»atly bölümleri okanyňda paýhas ummanyna aralaşanyňy duýman galýaň. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi ylymly-bilimli neslimize baglydyr diýmek bilen, ylymly-bilimli, tejribeli hünärmenleriň, binagärleriň, inženerleriň kemala getirilmegine uly üns berýär. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş nesliň sagdyn bedenli, döwrebap aň-düşünjeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin saglyk binalary, döwrebap çagalar baglary, umumy bilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Ýaşlarymyz ylymda-bilimde, sungatda, medeniýetde, sportda uly üstünliklere eýe bolup, dünýäni haýrana goýýar. Halkara sport ýaryşlarynda gazanýan netijeleri bilen döwlet Tugumyzy belentde parladýar, döwlet senamyz ýaňlanýar. Elbetde, bu gazanylýan üstünlikleriň düýp özeninde mähriban Arkadagymyzyň ýaşlarymyz hakyndaky taýsyz tagallalarynyň durandygy hemmämize mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň tebigatymyzy baýlaşdyrmak, ekologiýany gowulandyrmak babatda amala aşyrýan beýik işleri bu günki gün ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurdumyzda ýaz we güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek çäreleri geçirilip, millionlarça saýaly, miweli we pürli agaç nahallary oturdylýar. Baglara öz wagtynda talabalaýyk ideg edilmegi, suwarylmagy, timarlanmagy, ekilýän bag meýdançalarynyň gysga möhletlerde tokaý zolaklaryna öwrülmegine getirýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň talaplary doly we dogry berjaý edilýär. Paýtagtymyzdaky suw çüwdürimlerini öz içine alýan birnäçe seýilgähler, şaýollaryň we köçeleriň ugurlarynda ýetişdirilen bagy-bossanlyk, gülzarlyk howanyň arassalygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ajaýyp gözelligi hem döredýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen çalt depginlerde ösýän häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, dünýäniň şäherleriniň iň owadanlarynyň we ýaşamak üçin amatlylarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Ajaýyp binagärligi babatda sungat derejesine ýetirilen paýtagtymyz bitirilýän beýik işler bilen halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär. Ruhubelentlik we belent ynam mähriban halkymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň uludan tutulýan ýylynda hem berkarar Diýarymyzyň öňegidişliklerine, beýik ösüşlerine düşünmäge, gurmaga we döretmäge bolan höwesi, hyjuwy has-da artdyrýar. Eziz paýtagtymyzda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen dünýäniň ösen isleglerini kanagatlandyryp bilýän medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap teatrlardyr dynç alyş merkezleri, Aşgabat Halkara howa menzili, Olimpiýa şäherçesi, täsin seýilgähler, «Täze zaman», Çoganly, Köşi, Parahat 7 ýaly onlarça taslamalar boýunça ýerine ýetirilen beýik işleriň, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryndaky gazanylan üstünlikleriň diňe bir paýtagtymyzyň däl, ata Watanymyzyň berkararlygyny, abraý-mertebesini belende galdyrmakdaky, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dabaralanmagyndaky ähmiýeti has ýokarydyr. Eziz Arkadagymyzyň dana öňdengörüjiliginden, pähim-paýhasyndan gözbaş alan beýik işler ýurdumyzyň ähli ýerlerini zähmet joşgunyna, belent özgertmelere besledi. Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna uludan taýýarlyk görýän ak şäherimiz Aşgabadyň owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglyga bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde kalbyňda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerine buýsanjyň goşalanýar, durmuşyň lezzeti artýar. Goý, berkarar Diýarymyzy, gözel paýtagtymyzy ösüşleriň, özgertmeleriň, bagtyýar durmuşyň, gurmagyň we döretmegiň mekanyna öwren hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!


Bazar MUHAMMETGULYÝEW,

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň

Senagat we gurluşyk bölüminiň baş hünärmeni,

Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code