BAGY-BOSSAN DIÝARYM


23.02.2021
BAGY-BOSSAN DIÝARYM

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragyny bagy-bossanlyga öwürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Tebigaty gorap saklamak, ony gülzarlyga öwürmek döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn ilerleýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ynsan saglygyny gorap saklamakda we daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler uly gerim bilen alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen, ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Ata-babalarymyz her bir işiň başyny tutanlarynda, şol işiň tebigat, jemgyýet hem-de şahsy durmuş bilen baglanyşykly peýdaly taraplaryny göz öňünde tutupdyrlar, şeýle-de bu başy tutulýan işiň ýaşlaryň arasynda zähmet babatda terbiýeçilik ähmiýetini hökmany suratda nazara alypdyrlar. Töwerek-daşyňy bagy-bossanlyga öwürmäge ýaşaýşyň ähli döwürlerinde borç hökmünde garalypdyr. Asyrlaryň dowamynda adamlar tebigy baýlyklar bilen sazlaşykda bolup, ondan rejeli peýdalanypdyrlar we bag ekmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyz daşky gurşawa aýawly garamak, ýeri, suwy tygşytly ulanmak ýaly ýol-ýörelgelerini umumadamzat bähbitlerine öwrüp, dowam etdiripdirler. Daşky gurşawy arassa saklamak, gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly aýamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, halky ekologiýa taýdan tämiz howa bilen üpjün etmek, şunuň bilen birlikde, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup, bu babatda döwlet derejesinde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Howany tozandan we beýleki zyýanly galyndylardan arassalamakda uly ähmiýete eýe bolan baglaryň saýa salyp, obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşýandygyny synlanyňda, ata-babalarymyzyň ýöne ýere bag ekmegi sogap iş hasaplamandyklaryna aýdyň göz ýetirýärsiň. Ekologiýany goramak, tebigatyň gözelliklerini aýap saklamak, tebigata düşünip ýaşamak geljekki nesil hakyndaky aladany öz içine alýar. Bu halk bähbitli işler ýurdumyzda tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemäge, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik köpdürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen işleriň hukuk binýady bolup hyzmat edýän «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda we Türkmenistanyň Tokaý kodeksinde öz beýanyny tapan kadalara laýyklykda amala aşyrylýar. Bag ekmegiň peýdasy, onuň ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny berkarar etmekdäki möhüm orny barada wagyz-nesihat işleri ilat, esasan-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Bag ekiş möwsümine badalga bermek dabarasyna ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda işleýän, okuw mekdeplerinde okaýan uly-kiçi ýaşly ähli ildeşlerimiz, il sylagly ýaşulularymyz, ak gyňaçly enelerimiz agzybirlik bilen çykýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň bu bag ekiş möwsümine badalga bermek dabaralaryna her ýylda ähli ilimize baş bolup gatnaşmagy ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda özüniň gözel görki, ekologiýa edýän peýdaly täsiri bilen tapawutlanýan bag nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekilýär. Ýaňy-ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda: ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy hem-de öz halal zähmeti, ýürek yhlasy bilen ekip ýetişdiren bu baglarynyň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Olar mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän ählihalk ýowarlaryna işjeň gatnaşýarlar, türkmen topragynyň gözelligini geljek nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzy gülledip ösdürmek meseleleriniň wajypdygyna düşünýärler. Goý, ýurdumyzy eşretli döwrana ýetiren mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Resulberdi MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code