Şanly senäniň şanyna


04.03.2021
Şanly senäniň şanyna

      «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäheriniň gününe barha golaýlaşdyrýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär. Uzakmöhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Bu ajaýyp däpler ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere giňden taýýarlyk görülýän günlerde täze öwüşgine eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň hem-de möhüm ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň hem-de täsin binalaryň tutuş toplumlary peýda boldy. Şolaryň aglabasynyň has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlary bolmagy bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda hem Aşgabat şäheriniň dürli künjeklerinde döwrebap desgalaryň we binalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär. Däp bolşy ýaly, şol desgalaryň köpüsiniň şanly senelere we baýramçylyklara gabatlanylyp dabaraly ýagdaýda açyljakdygy bellärliklidir. Munuň özi bolsa baýramçylyk mynasybetli guraljak toý dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrar. Ak mermerli paýtagtymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp taýýarlyk görmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Maslahatyň barşynda degişli ýolbaşçylar, hususan-da, ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Aşgabat şäheriniň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň köçelerini abadanlaşdyrmak we arassalygy saklamak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini belläp, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de şolary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we nusgalyk döwrebap çözgütleri sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Arkadag Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şöhratly 140 ýyllyk we Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk şanly seneleriniň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu wakalara gabatlanylyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code