Şöhratly geljegiň ýalkymy


17.03.2021
Şöhratly geljegiň ýalkymy

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşip, täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we her ýylyň 25-nji maýynda umumy milli baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilmegi ähli halkymyzy guwandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Aşgabat şol ýyllaryň dowamynda ençeme kynçylykly döwri başyndan geçiren şäherdir. Häzirki döwürde bolsa mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat «Aziýanyň merjeni» diýen belent ada mynasyp boldy. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi, mähriban halkymyzyň buýsanjy! Geçen sanlyja ýylyň içinde Köpetdagy etekläp oturan Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, täsin seýilgähler, gür baglyklar, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz islendik desganyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny, seýsmiki durnuklylygyň, ygtybarlylygyň, uzak möhletleýinligiň ölçeglerine kybap gelmegini aýratyn talap edýär, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmagyň möhümdigine ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý toýuny ýokary derejede baýram etmek maksady bilen ýurdumyzda taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Baýramçylyk mynasybetli Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze desgalar ulanmaga berler. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjydyr şahyrlarymyz tarapyndan paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sahna eserleri, çeper filmler, goşgular, hekaýalardyr oçerkler döredilýär. Häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň ylhamyndan gözbaş alýan gözel paýtagtymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Goý, ata Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady tanalmaz derejede özgerdýän, beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code