Keşbi gözel Aşgabat


30.03.2021
Keşbi gözel Aşgabat

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat sebitiň çalt depginler bilen ösýän şäherleriniň hatarynda giňden tanalýar. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, intellektual we medeni merkezi bolup durýar. Hormatly Arkadagymyz binagärleriň we gurluşykçylaryň öňünde beýik we has anyk, ýagny merjen şäher Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek wezipesini goýdy. Häzirki wagtda bu wezipe üstünlikli ýerine ýetirilip, giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlary toplumlaýyn guruldy. Olaryň çäklerinde gurlan medeni-durmuş maksatly binalar, ýagny bilim edaralarydyr saglygy goraýyş merkezleri, çagalar baglarydyr edara binalary, durmuş desgalary hyzmat ediş jaýlary özüniň döwrebaplygy, täsinligi bilen köpleri haýran galdyrýar. Täsin köşkler, ýadygärlikler, myhmanhanalar gözüňi dokundyrýar. Ýetişdirilen baglar mermer şäherimiz Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrýar. Paýtagtymyza özboluşly bezeg berip oturan gojaman Köpetdagyň owadan gerişleri häzirki wagtda gür baglyga bürendi. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna ýürek yhlasyndan bina bolan mermer lybasly ak şäherimiziň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy aýratyn buýsandyryjydyr. Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code