Röwşen geljegiň nury


07.04.2021
Röwşen geljegiň nury

       «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan, welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz «Aşgabat-siti» taslamasyny, «Altyn kölüň» kenarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak barada öz döwletli başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu iri taslamalaryň durmuşa geçmegi paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyny alamatlandyrar. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Soňky ýyllarda maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän tapgyrlaýyn esasda Aşgabat şäherini ösdürmegiň toplumlaýyn binagärlik-gurluşyk çözgütleri netijesinde ýurdumyzyň paýtagty düýpgöter täze keşbe eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar aýratyn bellärliklidir. Paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde, Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda bina edilýän köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy häzirki wagtda güýçli depginlerde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň gurluşyk-binagärlik keşbini düýpli özgertmek babatda nobatdaky iri taslamalaryň üstünde hem işlenilýär. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp mekanda, Gökdepe etrabynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimize merkezde gurulýan durmuş ulgamyna degişli desgalaryň başlangyç hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň, saglyk öýüniň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, suw toplumynyň, seýilgähleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we dynç alyş zolaklarynyň taslamalary görkezildi. Merkeziň birnäçe amatly aýratynlyklary bar. Bu merkez Gökdere çagalar dynç alyş merkezlerine, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna ýakyn ýerleşip, tebigatyň gaýtalanmajak gözellikleri bilen özara arabaglanyşykda bolar. Taslamalaryň gurluşygyny ýerli kompaniýalaryň ýerine ýetirmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Klaster çemeleşmesi esasynda ähli edara binalarynyň bir ýerde jemlenmegi adamlara netijeli hyzmat etmegiň elýeterli usulyny döreder. Täze şäher döretmek üçin ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly ähli desgalaryň göz öňünde tutulmagy hem bu taslamanyň aýratynlygydyr. Tarp ýerden gurluşyga başlanmagy bolsa dekonstruksiýa, ýagny köne binalary we desgalary aýyrmak çykdajylaryny aradan aýyrýar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde bu ýerde guruljak ýaşaýyş jaýlary «akylly öý» çemeleşmesi esasynda bina ediler. Bu çemeleşme uzak ýyllaryň dowamynda serişdeleriň aýawly we tygşytly ulanylmagyny we durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirer. Ykdysady taýdan seredenimizde, welaýatyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda Ahal welaýatynyň mümkinçilikleri örän ýokarydyr. Oba hojalyk önümleri üçin ekin ýerleri netijeli peýdalanylýar we döwlet borçnamalary üstünlikli amal edilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherine örän ýakyn ýerde, Ak bugdaý etrabynyň çäginde senagat zolagynyň döredilmegi strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Welaýatyň Bäherden etrabyndan Babadaýhan etrabyna çenli sebitiň ähli çäginde maýa goýum taslamalary netijesinde senagat merkezleri döredilýär. Bäherdende döwrebap haly önümçilik kärhanasynyň, Babadaýhan we Kaka etraplarynda bolsa dokma toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi. Maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bir tarapdan, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny we azyk howpsuzlygyny berkarar etse, beýleki bir tarapdan, güneşli ýurdumyzda öndürilen tagamly we organiki azyk harytlary dünýä ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmaga hem şertleri üpjün edýär. Ýakyn geljekde goşulan gymmaty ýokary haryt we hyzmatlary öndürýän täze önümçilik desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ilkinji nobatda, sebitde ykdysady taýdan ýokary netijeleriň gazanylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady deňagramlylygynyň gazanylmagyna mynasyp goşant bolar. Bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy pudagyň orny barha ýokarlanýar. Ýokarda agzalan önümçilikleriň agramly böleginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişlidigi bellärliklidir. Durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code