Arassaçylygyň ak şäheri


07.04.2021
Arassaçylygyň ak şäheri

          Şu günler bahar paslynyň köňülleri jadylaýjy älemgoşar öwüşginlerine beslenýän ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan köpçülikleýin arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bag we gül ekmek işleri netijesinde edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň töwerek-daşy tämizlenip, barha läle-reýhan görnüşe eýe bolýar. Ekologiýany şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugruna öwren milli Liderimiz paýtagtymyza ýygy-ýygydan guraýan iş saparlarynda arassaçylyk, ekologiýa ýagdaýy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. «Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertleridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň dana sözlerinden ruhlanýan paýtagtymyzdaky orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw binalarynyň töwereklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri giň gerime eýe bolýar. Geçen hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şol sanda Aşgabat şäher, etrap ýaşlar guramalarynyň işgärleri Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň daş-töwereginde geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerinde göreldeli zähmet çekdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, TDP-niň syýasy Geňeşiniň we TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň işgärleri hem abadanlaşdyryş işlerine uly goşant goşdular, baglaryň düýplerini agdardylar, bu ýerde ösüp oturan baglara timar berdiler. Hepdäniň dowamynda geçirilýän arassaçylyk, bag we gül ekmek işlerine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplary paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, baglary timarlamaga, düýplerini arassalap, agdarmaga saldamly goşant goşdular. Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri paýtagtymyzyň seýilgählerinde hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Suw çüwdürimlerini, seýilgähleri ulanmak we hyzmat etmek trestiniň janypkeş bagbanlary Atamyrat Nyýazow, Garajaoglan seýilgählerinde, şaýollaryň gyralaryny tämizlemek, ol ýerleri abadanlaşdyrmak, arassalamak, ösüp oturan baglary timarlamak işlerini alyp bardylar. Ýyladyşhanalaryň bagbanlary paýtagtymyzyň köçelerine, şaýollaryna öz ýetişdiren güllerini ekip, owadan görnüşe getirdiler. Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň 107-nji Çagalar bakja-bagynda hem-de 2-nji «Bagtly nesil» Çagalar bakja-bagynda hem ýokary hilli abadanlaşdyryş, arassaçylyk işleri geçirildi. Möwsümleýin bahar gülleri bilen birlikde, bägülleriň dürli görnüşleri bu ýerlere täsin öwüşgin çaýýar. Ähli edara-kärhanalaryň işgärleriniň asylly zähmeti bilen paýtagtymyz has-da gözel görnüşe eýe bolýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code