Ajap eýýamyň şuglasy


15.04.2021
Ajap eýýamyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat iri jemgyýetçilik-syýasy, medeni we syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Hormatly Arkadagymyzyň Karary esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenip geçilýär. Şu ýyl hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen toýlanylýar. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk binalardyr ymaratlaryň, ençeme muzeýleriň, täsin köşkleriň we teatrlaryň binagärlik sazlaşygy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özboluşly täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan, beýikligi 133 metr bolan baýdak sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky Oguz han suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täsin binasy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, 2013-nji ýylda bolsa Aşgabat şäheri ak mermere örtülen binalaryň iň köpsanlysynyň bir ýerde jemlenen mekany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak şäherimiziň döwrebap ösüşini şöhlelendirýän paýtagtymyzyň günbatar böleginde, 16-njy tapgyryň çäklerinde iň ýokary amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary guruldy, zerur bolan ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil ýol düzüminiň merkezini «Türkmen alabaýy» binasy bezeýär. Şäheriň şu böleginde, şeýle hem «Gül zemin» söwda-medeni dynç alyş merkezi guruldy. Aşgabat şäheri häzirki wagtda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler gözel paýtagtymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzy, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code