Türkmenistanyň SG we DS ministrligi ýyly geýinmegi maslahat berýär


21.01.2021
Türkmenistanyň SG we DS ministrligi ýyly geýinmegi maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gyş paslynyň dowam edýän günlerinde daşaryk çykylanda geýinmegiň düzgünleri barada ilatymyzy sms-habarnamasy arkaly habarly edýär. Sms-habarnamasynda şeýle diýilýär: «Hormatly adamlar! Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde, paslyň talaplaryna laýyklykda geýiniň. Daşaryk çykanyňyzda başgap, ýyly egin-eşik, typmaýan aýakgaplary, ellikleri geýiň. Eger siz şu düzgünleri berjaý etseňiz, ýylyň hemme pasyllarynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz!»

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code