Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan


15.04.2021
Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan

Aşgabada demir ýoluň çekilişi, onuň öz döwründäki taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň etmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle maglumatlar bilen S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy», A.Gubaýewiň «Parfiýa türkmen döwleti», S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», A.Ýazberdiýewiň «Aşgabat» sözüniň taryhy barada» atly we beýleki işlerde giňden tanyşmak bolýar. Ady agzalan ylmy çeşmelerde nygtalyşy ýaly, günbatardan çekilip başlanan demir ýol Aşgabada 1885-nji ýylyň 30-njy noýabr güni gelipdir. 1886-njy ýylda bolsa demir ýol Mara, soňra Çärjewe baryp ýetýär. On dokuz ýyllap çekilen yzygiderli zähmetiň netijesinde 1905-nji ýylda demir ýol Daşkendiň üstünden geçip, Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol bekediniň ýaýbaňlanmagy netijesinde Russiýadan, Hywadan we Buharadan gelýän harytlaryň sany artyp, adamlaryň hal-ýagdaýyna oňaýly täsir edip ugrapdyr. Demir ýoluň gelmegi bilen Aşgabada çet ýurtlardan gelýän syýahatçylardyr jahankeşdeleriň sany artyp başlaýar. A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy» atly kitabynda belleýşi ýaly, rus ýazyjysy N.N.Karamzin 1888-nji ýylda şeýle ýazypdyr: «Täze ýol taryhyň özi tarapyndan iki dünýäniň — Ýewropa medeniýeti bilen gadymy Gündogaryň esasy medeniýetiniň ýakynlaşmaklary we ruhy taýdan täzelenmekleri üçin niýetlenen ýoluň iň bir esasy, iň bir kyn ülüşleriniň biridir». Ýeri gelende, Aşgabat demir ýolunyň gurluşygy hakynda fransuz ýazyjysy Žýul Werniň roman ýazandygyny-da belläp geçmek gerek. Aşgabat demir ýolunyň ýaýbaňlanyp ugramagy netijesinde, azyk haryt bolçulygy, egin-eşik we durmuş hajaty üçin zerur bolan dürli harytlar artyp ugraýar. Öň uzak-uzak ýollary söküp kerwenlerde hatar gurap gelýän täjirler indi demir ýol arkaly öz harytlaryny Aşgabatdaky teke bazarynda satmaga mümkinçilik gazanýarlar. Türkmen täjirleri hem dürli harytlaryny Daşkendiň üsti bilen Russiýa çykaryp ugraýarlar. Munuň özi söwda gatnaşyklary bilen bir hatarda, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna hem uly ýardam edýär. XIX asyryň ahyrynda Türkmenistana syýahat eden fransuz ofiseri Edgard Bulanže Aşgabat demir ýolunda hereket edýän demir ýol ulaglaryň artykmaçlygy hakynda söz açyp: «Ýewropadakydan tapawutly bolan giň wagonlar ünsüňi özüne çekýär» diýip ýazýar. Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolan Kaspiniň kenaryndaky Krasnowodskiniň (häzirki Türkmenbaşynyň) üstünden geçýän demir ýol şahasy şol wagtlar diňe bir sebitiň däl, eýsem, dürli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine hem täsirini ýetiripdir. Demir ýol şahasynyň üsti bilen çit matalar, gant, kerosin, kükürt, demirden bejerilen gap-çanaklar getirilipdir. Şäheriň ösmegi netijesinde 1890-njy ýylda Aşgabatda ilkinji telefon nokady işläp başlapdyr. 1896-njy ýylda bolsa bu ýerde gimnaziýa we orta okuw mekdepleri, kitaphana, muzeýler hereket edip ugraýar. Okuw mekdepleri, kitaphana we muzeý işi üçin gerek bolan esbaplar demir ýoluň üsti bilen getirilipdir. Aşgabat demir ýoly 140 ýaşy arka atan paýtagtymyzyň şöhratly sahypasydyr.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code