Arkadagyň ak şäheri Aşgabat


07.08.2021
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

   2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hökmünde hem taryhyň altyn sahypalaryna girýär. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Onuň täsin binagärlik desgalarynyň birnäçesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde, Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada, Garaşsyzlyk we Arçabil şaýollarynyň kesişýän ýeriniň golaýynda iň beýik baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy galdyryldy we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Baýdak sütüniniň beýikligi 133 metre barabardyr. Döwlet Baýdagynyň agramy 420 kilograma deňdir. Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň biri «Oguz han we ogullary» atly suw çüwdürimler toplumydyr. Bu toplum paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan köp gatnawly ýoluň çatrygynda guruldy. Şol desga hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2008-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy we iň köp suw çüwdürimlerini özünde jemleýän medeni-binagärlik toplum hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu toplum ajaýyp we täsin suw çüwdürimleriniň 27-sini özüne birleşdirýär. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Köpetdagyň gerişleriniň birinde, deňiz derejesinden 1020 metr belentlikde gurlan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu merkeziň täsinliginiň biri-de ägirt uly sekizburçly Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilidir. Ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna dünýäde ýyldyzyň iň uly binagärlik keşbi hökmünde girizildi. Telediňiň belentligi ýokardaky kuwwatly antennasy bilen bilelikde 211 metre barabardyr. Şol 38 metrlik antenna dünýädäki iň öňdebaryjy tehnologiýalara doly laýyk gelýär. Bu ýerde studiýalardan we beýleki ýörite otaglardan başga-da, iş otaglary, aýlanýan restoran, syn ediş meýdançalaryň ikisi we beýleki desgalar ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Aşgabadyň görküne-görk goşýar. Bu desga 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20 ýyllygynyň bellenilen gününde dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ägirt uly desga köp basgançakly piramida görnüşindedir. Şol desgada diametri 57 metre barabar bolan syn ediş çarhy ýerleşýär. Hut şol desga dünýädäki iň uly ýapyk görnüşli syn ediş çarhy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň 24 sany 6 orunlyk kabinaly polat gurluşy ägirt uly türkmen gülýakasy görnüşindedir. Merkeziň düzüminde iň döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen filmlere tomaşa etmek üçin niýetlenen kinozalyň ikisi bar. Şeýle hem, merkezde dürli hiňňildikler, çagalaryň beden taýdan taplanmagy üçin niýetlenen meýdançalar, awtodrom, şeýle hem dürli attraksionlar bar. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde uly Maslahatlar köşgünde ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmegiň geljegine bagyşlanyp geçirilen dabaraly mejlisde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabady bu kitaba girizmek barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Hususan-da, bu ýagdaýy tassyklaýan güwänamada bellenilişi ýaly, 22 inedördül kilometrde ak mermere beslenen täze binalaryň 543-si ýerleşýär. Şol jaýlaryň umumy meýdany 4,514 million inedördül metre barabardyr. 2016-njy ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Merkezi Aziýada iň iri hem-de dünýäde tehnologik enjamlaşdyrylyşy babatda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan bu toplum 1200 gektar meýdany eýeleýär hem-de özüne ýokary tehnologiýaly desgalaryň 100-den gowragyny birleşdirýär. Ol ýylda ýolagçylaryň 17 milliondan gowragyna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Toplumyň açylyş dabarasynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekili esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen iň uly (705 inedördül metr) haly gölüniň şekili arkaly Aşgabadyň Halkara howa menziliniň bu abraýly kitapda mynasyp orun eýeländigi baradaky güwänamany gowşurdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan 40-a golaý desganyň ikisi hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleriniň ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, şol şäherçede 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Desgalaryň birinjisi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Ahalteke bedewiniň çeperçilik şekili bilen baglanyşyklydyr. Ol Olimpiýa stadionynyň münberini bezedi hem-de bedewiň dünýädäki iň uly binagärlik nyşany diýlip ykrar edildi. Hut Olimpiýa stadionynda Aziada — 2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralary geçirildi. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan ikinji desga bolsa dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuzly Sportuň suw görnüşleriniň merkezidir. Bu desgany döretmekde iň täze tehnologiýalar hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Bu toplumda ýerleşýän dürli ululykdaky dört howzuň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde geçirilýän ýaryşlara tomaşaçylaryň birbada 5 müňüsi tomaşa edýär. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni we sport merkezi bolup durýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik-çeperçilik keşbini Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ägirt uly we täsin desgalaryň ençemesi bezeýär. Munuň özi bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň, tutuş ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code