Söwda-senagat edarasynda ulag ulgamy boýunça halkara maslahat geçiriler


16.07.2022
Söwda-senagat edarasynda ulag ulgamy boýunça halkara maslahat geçiriler

18-19-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Forumyň çäklerinde «Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we «Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran» hem-de «Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň gün tertibine ekologiýa ugurlary, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi. Ministrler Kabinetiniň agzalan mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek bu halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda hem-de utgaşykly çözmegi tabşyrdy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code