Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi geçiriler


01.08.2022
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu sene Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 6-njy awgustynda belleniler.

Bu baýramçylyk mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergini hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Gözden geçirilişe ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada maglumat berýän gymmatlyklar görkeziler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de köpugurly ösdürilmegine, baý tebigy serişdeleriň işjeň ulanylmagyna we sebitleriň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi.

Öňde boljak çäreler bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code