Awgustda Türkmenistanda medeni çäreleriň uly toplumy geçiriler


01.08.2022
Awgustda Türkmenistanda medeni çäreleriň uly toplumy geçiriler

Awgust aýynda Türkmenistanda medeni çäreleriň uly topary geçiriler. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. 27-nji awgustda «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýurduň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyşy medeni çärelere beslener.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, awgust aýynda geçiriljek dabaralaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtap, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Prezident Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjek halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code