Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda zenan telekeçileri goldamak bilen bagly çäre geçiriler


31.08.2022
Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda zenan telekeçileri goldamak bilen bagly çäre geçiriler

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilligi «BSG goşulmagyň zenan telekeçilere täsiri» diýen mowzukda «tegelek stol» çäresini geçirýär.

Bu özboluşly duşuşyga zenan telekeçiler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşmaga çagyrylýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code