Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler


01.09.2022
Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler

Türkmen paýtagtynda 2022-nji ýylyň 2 — 7-nji sentýabry aralygynda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerinde Moda hepdeligi geçiriler. Bu çäre Aşgabat şäher häkimligi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guralýar.

Her ýylda dört gezek pasyllar bilen baglanyşdyrylyp geçirilýän Moda hepdeligine Aşgabat şäheriniň Aşgabat, Mähirli Zenan, Nur ýüpek, Sähra Sahin ýaly birnäçe modeller öýleri gatnaşýar.

Nobatdaky hepdelikde şäheriň modeller öýleriniň meşhur dizaýnerleri tarapyndan döredilen, güýz paslynyň gözelligini wasp edýän milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabaralary bolar.

Onuň dowamynda Aşgabadyň modeller öýleriniň aýal-gyzlaryň, erkekleriň we çagalaryň güýz paslynda ulanmagy üçin taýýarlan adaty, baýramçylyk dabaralary üçin hem-de sport lybaslary görkeziler.

Moda hepdeliginiň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň maksady Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ulgamy bilen girizmek babatda taýýarlanylýan hödürnamanyň mazmunyny döredijilik ulgamyndaky mümkinçilikleriň anyk mysallary arkaly baýlaşdyrmakdan ybarat.

Şunuň bilen birlikde bu çäre häzirki zaman moda ösüşinde türkmen milli lybaslarynyň gözelligiň asyl nusgasy hökmünde çeşme bolup hyzmat edýändigini açyp görkezmäge, ony giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Moda hepdeliginiň ahyrynda onuň jemleri boýunça has işjeň tapawutlananlara «Iň gowy dizaýner», «Iň gowy model» hem-de «Iň gowy Modeller öýi» ýaly abraýly baýraklar gowşurylar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code