Aşgabatda baýramçylygyň öňüsyrasyndaky konsert çykyşlary guralar


23.09.2022
Aşgabatda baýramçylygyň öňüsyrasyndaky konsert çykyşlary guralar

23-24-nji hem-de 25-nji sentýabrda paýtagtyň «Watan» kinokonsert merkezinde türkmen estrada aýdym-saz sungatynyň aýdymçylarynyň çykyş etmeginde baýramçylyk konserti geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bu günlerde Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary Begenç Çaryýewiň, Gözel Orazmyradowanyň, Aman Sähedowyň, Dessan Bäşimowanyň we beýleki aýdymçylaryň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code