Toý-baýramly Aşgabat


02.02.2021
Toý-baýramly Aşgabat

     Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan ösüşi şäheriň ykdysady görkezijilerini, onuň maýa goýum ýagdaýyny we işewürlik gurşawyny äşgär etdi. Bu bolsa, bir tarapdan, daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Iň esasysy bolsa, gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hususy kompaniýalaryň gatnaşygyny işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeler Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapýar. Şu ýyl eziz Watanymyz özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçer. Esasy baýramçylyk dabaralarynyň ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljekdigi bellärliklidir. Ýurdumyzyň baş şäheri bu şanly senä häzirden taýýarlyk görýär. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, mejlisde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli Daşary işler ministrligi bilen bilelikde daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi. Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň hormatyna guralýan çäreleriň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň aýratyn ähmiýetli bolmagyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, şeýle hem dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleriniň dikeldilmeginiň dünýäniň dürli halklarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline goýýan hormatynyň we onuň baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleriň häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmegi Magtymgulynyň gymmatly edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli dürli filmleriň döredilmegini, mowzuklaýyn sergileri we döredijilik bäsleşiklerini guramagy tabşyrdy. Ak mermerli Aşgabat — biziň buýsanjymyz, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň aýdyň nyşany, biz bu şäheri söýgi bilen abadanlaşdyrýarys, onuň adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly bolmagyny üpjün edýäris, şanly sene mynasybetli guraljak çärelerde hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler, ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek, ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we täzeçil ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code