Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylan taslamalar boýunça brifing geçirildi


20.01.2021 78
Owganystan bilen bilelikde amala aşyrylan taslamalar boýunça brifing geçirildi

Düýn, 14-nji ýanwarda açylan Akina ― Andhoý demir ýoly arkaly Akina menzilinden Andhoý şäherine “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan taýýarlanan ilkinji demir ýol düzümi dowamly zogyny çalmak bilen ýola düşdi. Kerwen ýük wagonlarynyň hem-de Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan çelekleriň 20-sini öz içine alýar, olaryň 10-sy dizel ýangyjyny, 7-si bolsa, mineral dökünlerini we ösümlik önümlerini bellenilen nokada elterler. Dabara wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ilkinji ýük wagonlarynyň täze ugur boýunça barşyny synlaýarlar. Bu ýagdaý biziň ýurtlarymyzyň häzirki gatnaşyklarynyň esasyny düzýän köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň nyşany bolup hyzmat edýär. Ýakynda-da habar berşimiz ýaly, Türkmenistan owganystana nebit önümlerini iň köp eksport ediji döwletleriň biridir. Şol bir wagtda goňşy döwletimiz Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny hem satyn alýar. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen goňşy döwlete birnäçe gezek ynsanperwerlik ýükleri hem ugradyldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code