Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygynyň meselelerine seredildi


12.09.2022 33
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygynyň meselelerine seredildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyş boldy.

Soňra bolda döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi diýip, TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär. Mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler hem-de käbir resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri», «Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri», şeýle-de «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda» Kararlara gol çekdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code