Nobatdaky iş maslahatynda sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi maslahatlaşyldy


13.09.2022 23
Nobatdaky iş maslahatynda sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi maslahatlaşyldy

12-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere seredildi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code