Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistana sapar bilen bardy


15.09.2022 18
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistana sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna sapar bilen bardy.

Bu barada TDH-niň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sammitiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň dowamynda guramanyň işi bilen baglylykda söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code