Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Sammitine gatnaşýar


16.09.2022 32
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Sammitine gatnaşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar diýip, TDH-niň saýty habar berýär.

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap geçdiler.

Sammitde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ŞHG-nyň çägindäki ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň meýilleşdirilýändigi bellenilýär. Duşuşyklar tamamlanandan soň, degişli resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code