Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäherinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşyldy


19.09.2022 24
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäherinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşyldy

17-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýleki durmuşa geçirilýän zerur işler bilen birlikde Aşgabat şäherinde döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini giňden baýram etmäge görülýän taýýarlyk we şanly sene mynasybetli türkmen paýtagtynyň bezeg işleri dogrusyndaky meselelere hem üns çekildi diýip, TDH-niň saýtynda habar berilýär. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak dabaralaryň umumymilli ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýer Ç.Purçekowa baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek, ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code