Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda sergileri geçirmek barada tabşyryklary berdi


19.09.2022 60
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda sergileri geçirmek barada tabşyryklary berdi

17-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysady ösüşiň gazananlarynyň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, guralmagy meýilleşdirilýän sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler.

Şeýle-de serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hasabaty diňlemek bilen, döwlet Baştutanymyz sergileriň guralmagy gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin amatly mümkinçilik bolup, bazar meýillerine baha bermegiň, onda öz eýeleýän ornuňy kesgitlemegiň oňaýly usulydyr diýip belläp geçdi hem-de wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code