Nobatdaky iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri maslahatlaşyldy


20.09.2022 20
Nobatdaky iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri maslahatlaşyldy

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň degişli ugurlarda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi diýip, TDH habar berýär.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere seredildi.

Şunuň bilen birlikde, maslahatyň dowamynda pagta ýygymynyň depgini, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri, sebitiň bugdaý meýdanlarynda gögeriş suwunyň tutulyşy we beýleki işler barada bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň şu günki günüň esasy talaby bolup durýandygyny bellemek bilen, bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code