Pederlerimiziň köpasyrlyk däpleri we wesýetleri ruhy gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň özenidir


30.04.2021 136
Pederlerimiziň köpasyrlyk däpleri we wesýetleri ruhy gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň özenidir

     Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy. Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady. Soňra geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyga hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar. Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi. Gudraty Güýçli Allatagalanyň emri bilen Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň şu nurana günlerinde bu dünýeden ötdi. Bu asylly we hoşniýetli ynsan onuň ýakynlarynyň hem-de ähli ildeşleriniň ýüreklerinde parasatly halypa hem-de ömrüni Watanyna we mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde hemişelik galar. Mälikguly Berdimuhamedowyň ady, ol baradaky ýagty hakyda Türkmenistanyň taryhyna hemişelik ýazylar diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady. Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berilýän sadakanyň hem-de okalýan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Milli Liderimiz duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi. Özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny, geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe goldaw sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki goňşy ýurduň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine hem-de taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar. Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol aýda Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhandan ilkinji süreleri peşgeş beripdir. Goňşy döwletleriň halklary ýaly, türkmenler hem gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýyna hormat-sarpa goýýarlar. Asylly işleri amala aşyrmaga hem-de rehim-şepagatlylyga çagyrýan bu sahawatly aýyň her bir gününde halkymyz mukaddes däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan täzelenmäge aýratyn üns beripdir. Oraza aýynda agyz beklenýär, milli däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy barada doga-dilegler edilýär. Asyrlaryň dowamynda bu dessur täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar hem-de köp halklaryň, şol sanda türkmenleriň belent ahlak gymmatlyklary, olaryň däpleri, hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz ynsanperwerlik ýörelgelerini daşary syýasy strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär, abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeldýär. Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenlerinden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar. Döwlet Baştutanlary kümmetden çykyp, metjide tarap ugradylar. Bu ýerde Mekgä haj parzyny amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berlen teperrik hem-de musulman dünýäsiniň mukaddes şäherinden ýadygärlik hökmünde türkmen Liderine iberilen, Käbäniň keramatly ýazgysy beýan edilen örtük goýlupdyr. Şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edýärler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerine gelýärler we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar. Agzaçar sadakasy başlamazdan ozal döwlet Baştutanlary söz sözlediler. Milli Liderimiz sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy — kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly bildirilen köp sanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi. Halkymyz Özbegistan, özbek halky bilen asyrlar bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Ata-babalarymyz: “Kyýamat güni goňşudan” diýipdir. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek halkyna çuňňur hormatyny beýan etdi we şu çärä gatnaşýandyklary üçin taňryýalkasyn aýtdy. Soňra Özbegistanyň Lideri hormatly Prezidentimize, milli Liderimiziň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi — döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, öz ömrüni jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga, mugallymçylyk işine bagyş eden Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligi türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine gynanjyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Şondan soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekilýär. Nahardan soň Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir edýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýandygy üçin ýygnananlara ýüzlenip: “Oraza aýynda okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun!” diýip, sadaka gatnaşýanlara aýtdy. Çärä gatnaşan Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly ýaşululary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren agzaçar sadakasynyň we okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline barýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen hoşlaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady. *** Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde mübärek Oraza aýynda asylly ýörelge hasaplanylýan agzaçar sadakalary berildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowam edýändigini alamatlandyrýan agzaçar sadakasynyň Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Belent ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklara laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmegini, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde, bu ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gadymy dessurda parasatlylyk hem-de çuňňur many bar. Onda milletiň päklige hem-de rehim-şepagatlylyga ymtylmasynyň ruhy many-mazmuny öz beýanyny tapýar. Metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda halkymyzyň abadançylygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi dileg edildi, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy üçin aýat-töwirler okaldy. — Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! — Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code