Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi


20.01.2021 111
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

12-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Ilçi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code