Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler


26.10.2021 61
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

    Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Gazagystan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr. Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code