Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy


01.01.2022 196
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

   «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys. 

   Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça bars ýyly. «Bars — baýlyk» diýýän halkymyz bu ýyly rysgal-döwletli, bereketli hasaplap, täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar.

   Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, işe girizdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlady.


   Umuman, ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulanmaga berlen ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş, sportdur önümçilik desgalarynyň, seýilgähleriň açylyş dabaralary bu taryhy senä özboluşly öwüşgin berdi. Ýubileý ýylynda gurlup, işe girizilen diňe iri desgalaryň sany 73-e ýetdi. Şolaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlaryny, Türkmenabat, Balkanabat hem-de Daşoguz şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynydyr beýleki desgalary görkezmek bolar.


   Şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly toýlandy, täze «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Paýtagtymyzda ulanmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezinden, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy, özboluşly «Arkadag» hem-de «Garagum» myhmanhanalary ak şäherimize buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

   Häzirki wagtda hem ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygy depginli dowam edip, halkara ähmiýetli taslamalaryň ençemesi amala aşyrylýar.

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Merdana daýhanlarymyz şu ýyl hem galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan-da köp galla, 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar. Miwe, gök-bakja önümleriniň hem bol hasylyny ýygnap aldylar.

   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly oturdyldy.

   Biz oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek boýunça başlan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis.

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

   Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça-da yzygiderli işleri geçirýäris. Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň saglygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta uly ähmiýet berýäris. Şu ýyl Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligimiz has-da buýsandyrýar.

   Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärlere eýe bolmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy ösdürmekde, täze senagat pudaklaryny döretmekde, iri taslamalarydyr milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylma uly ähmiýet berýäris.

   Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän işler öz ajaýyp miwelerini hem berýär. Ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizildi. Ýurdumyzyň ähli halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

   Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi merdana halkymyzyň milli mirasyny öwrenmekde we giňden ýaýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Nesip bolsa, täze — 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda geçireris. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geljek ýyl geçiriljek Medeniýet hepdeligine gabatlanjak Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy has-da täsirli bolar.

Eziz watandaşlar!

   Tamamlanyp barýan ýylda Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzda iki palataly parlament ulgamynyň hukuk esaslary kesgitlendi. Biz täze parlament gurluşy şertlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny üstünlikli geçirdik. Ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde täze tapgyr bolan bu taryhy waka berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlendi. Kabul edilýän kanunlaryň we kanunçylyk hukuk namalarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Eziz watandaşlar!

   Siziň bilşiňiz ýaly, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyl dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde biziň tekliplerimiz bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatda alyp baran işleriniň guwandyryjy netijeleri boldy.

   Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ýokary derejede geçirilmegi, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagy we bu gurama synçy hökmünde goşulmagy hem şu ýylyň aýratyn ähmiýetli wakalaryna öwrüldi.

Hormatly adamlar!

   «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alada edilýär. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

   Geljek ýyl Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy hem geçiriler. «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» diýen şygar bilen geçiriljek bu çäräniň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de raýatlarymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr.

   Umuman, ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan netijeler mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsir edip, geljege ynamyny has-da berkidýär.

   Nesip bolsa, biz merdana halkymyz bilen el-ele berip işläp, täze ýyly hem yhlasly zähmetimiz arkaly uly üstünliklere besläris. Ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

   Ýene az salymdan biz 2022-nji ýyly garşy alýarys. Goý, 2022-nji ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik we asudalyk ýar bolsun! Şan-şöhrata beslenen bagtyýar günler, döwletli döwran dowamat-dowam bolsun!

Eziz watandaşlar!

Mähriban halkym!

   Täze — 2022-nji ýylyňyz gutly bolsun!


Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code