Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi


05.02.2021 70
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

      Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykydysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär. Döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm üns berýär we oňa ägirt uly maliýe serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar. Milli Liderimiz amala aşyrylýan giň möçberli çärelere garamazdan, bu ulgamda käbir kemçiliklere ýol berilýändigini we onuň ähli mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmeýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depgini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we umuman, ýubileý ýylynda döwlet maksatnamalaýyn borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi. Ilki bilen gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginleri, binalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Gurluşyk pudagynda 180-den gowrak kadalaşdyryjy-tehniki namalar hereket edýär we olar bellenen tertibe laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrligiň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de gurluşykda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-houlary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, oňa ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygy, sebitiň seýsmiki ýagdaýy nazara alnyp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Halkara tejribesinden ugur alyp, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Maýa goýum taslamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilmelidir hem-de desgalaryň hiline we öz wagtynda ulanmaga berilmegine berk gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Soňra ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny dowam etdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň görnüşleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň giňden belleniljekdigini, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini belläp, şu mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sement zawodlary tarapyndan 1 million 940 müň 626 tonna sement öndürildi. Keramzit öndürmek boýunça meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi we 100,2 göterim ösüş gazanyldy. Sozulan metal öndürmek boýunça meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we 101,6 göterim ösüş gazanyldy. Gurluşyk aýnasy boýunça meýilnama 101,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 100,1 göterime deň boldy. Gurnama beton önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini, munuň üçin toplumyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini yzygiderli güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna itergi bermek maksady bilen, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy” düzüldi. Şeýle hem ministrlikde elektron resminama dolanyşygy taýýarlanyldy hem-de degişli edaralar bilen ylalaşyldy. Bu gün ministrligiň garamagyndaky 27 sany edara-kärhanalaryň arasynda elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy hem-de ministrligiň web-saýty taýýarlanyldy we Internet toruna ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň, aýratyn-da, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili, toplumyň enjamlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlygy bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr. Iş maslahaty energetika ministri Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda hem-de onuň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatymyzy we senagat desgalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Energetika ministrligi boýunça geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 124 göterim berjaý edildi. Senagat önümçiligi boýunça meýilnama bolsa 128,3 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň önümçiligi boýunça meýilnama 108,4 göterim berjaý edildi hem-de 120,2 göterim ösüş gazanyldy. 2020-nji ýylda elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilnamasy iki esseden gowrak berjaý edildi. Şeýle hem ministr Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde türkmen böleginiň, Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energiýa ulgamyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigi barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli taslamalara laýyklykda kuwwatly elektrik beketleriniň gurluşygy we olaryň bellenen möhletde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, elektrik energiýasynyň önümçiligi, desgalaryň netijeli işi we olara edilýän hyzmatlar boýunça bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýolbaşçylyk edýän konserni tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda täze gurulýan himiýa zawodlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze we ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, himiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 132,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş 160,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe konsern boýunça mineral dökünleri öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý edilip, ösüş 137,1 göterim boldy. Konsern boýunça tehniki ýody öndürmegiň meýilnamasy 123,2 göterime, tehniki uglerodyň öndürilişi 113,6 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hereket edýän önümçiliklerini tehniki we ykdysady taýdan durnuklaşdyrmak, könelen önümçilikleri düýpli abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek hem-de öndürilýän himiýa önümleriniň görnüşleriniň möçberlerini artdyrmak, eksporta niýetlenen we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan beýleki himiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen kiçi göwrümli, dürli görnüşli himiýa önümlerini öndürýän birnäçe önümçilikleri bilelikde ýola goýmak boýunça işler hem alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we konserniň işine nägilelik bildirip, ýurdumyzda öndürilýän, içerki hem-de daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada tabşyryklar berildi. Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow geçen ýylda ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýeirilen işler barada hasabat berdi. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin ähmiýetli şanly wakalara we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamynda gazanylan üstünliklere baý boldy. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak mermerli Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ilatyň durmuş derejesi ýokary halkara görkezijilerine we talaplaryna laýyk geldi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde täze desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna dürli maksatly binalaryň 22-siniň açylyş dabaralary boldy. Geçen ýylda paýtagtymyzda 1984 maşgala niýetlenen ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Munuň özi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda ýokary derejesine laýyk gelýän abadanlaşdyrylyşy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işlere gözegçiligi güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler hem-de “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanow “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen 2020-nji ýylda institutda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan döwlet we milli maksatnamalaryndan hem-de milli bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek institutyň ýerine ýetirýän işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýaşlara ýokary hilli, dünýä derejesine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak esasy ugur bolup durýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyna degişli pudaklaýyn kärhanalar üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, talyplar degişli düzümlerde önümçilik tejribesini geçýärler. Institutda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, institutyň sanly bilim portaly we web-saýty döredildi. Olarda professor-mugallymlaryň okuw dersleri boýunça taýýarlan gollanmalary, wideoýazgylar ýerleşdirildi. Şeýle hem talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ylmy we taslama işlerine çekilmegine, okuw ulgamyna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de ýaş alymlary taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary bilen pugta aragatnaşyk ýola goýuldy. Dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek maksady bilen, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär. Bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak maksady bilen, Ylalaşyklar we Ähtnamalar baglaşylýar. Institutyň talyp ýaşlary dünýäniň ösen tehnologiýalaryny işjeň özleşdirip, BIM tehnologiýasynyň REVIT programma üpjünçiligini işläp düzdüler we onuň esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň ylmy taýdan esaslandyrylan şekil taslamasyny taýýarladylar hem-de olary degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlediler. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binalar toplumynyň binagärlik keşbiniň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiýasynyň toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň şekil taslamalary taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň gowy milli we halkara tejribelerini nazara alyp, ylym-bilim ulgamynyň depginini ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri möhüm ugur hökmünde kesgitläp, institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, ýaşlary okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine möhüm ähmiýet bermegi, ýokary hünärli ýaş işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gara ýollaryň gurluşygynda ulanylýan ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli serişdeleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bagly meseläni öwrenmek boýunça rektora birnäçe görkezmeleri berdi. Soňra Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow institutda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu ýokary okuw mekdebinde 18 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar we üç taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar, olaryň birinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar. 2020-nji ýylda institutyň talyplary halkara Internet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 46 baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady biden, institutyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, okuw gollanmalary döwrebaplaşdyryldy. Okuw kitaplarynyň 6-sy neşir edildi we üç sany programma üpjünçiligine awtorlyk şahadatnamalary berildi. Rektor häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilendigini habar berdi. Şeýlelikde, Döwlet energetika institutynda “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde täze tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy amala aşyrylýar. Şeýle hem institutda “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar” merkezi döredildi. Institutyň professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda onlaýn-forumlary we halkara maslahatlar geçirilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullary we maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda baý tejribe toplanyldy. Bu bolsa ýaşlaryň bilim derejesini we olaryň döredijilik işini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda, bu ugra häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy möhümdir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, institutyň okuw maksatnamasyna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek meselelerini nazara alyp, energetika pudagynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şeýle hem institutyň işini sanly ulgama geçirmek, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň gurluşyk hem-de senagat toplumynda önümçilik we iş meýilnamasy 118,4 göterim berjaý edilip, 122,5 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem hasabat döwründe gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň görkezijileri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümleriň önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek we olaryň işine berk gözegçiligi ýola goýmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Gurluşyk-senagat toplumynyň işi wajyp durmuş-ykdysady wezipeleriň çözgüdine, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda onuň ösüşine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini saklamak üçin maksatnamalaýyn hereketleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de kärhanalaryň düşewüntliligi, olaryň ýokary önümçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin has tijenip, tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyny nygtady. Munuň üçin toplumyň bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli peýdalanmak zerurdyr. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylmalydyr. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň oňat peýda berýän, has netijeli usullary ulanylmalydyr. Bu önümçiliklere daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe gurluşyk we senagat toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik hem-de hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmak, önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Milli Liderimiz toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek we artykmaç (zerur bolmadyk) çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan senagat, energetika we himiýa pudaklaryna uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, importyň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak wajypdyr. Öndürilýän harytlar üçin täze bazarlary we ýerlemegiň usullaryny tapmak arkaly gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak möhümdir. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki döwürde alnyp barylýan desgalary seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Wise-premýere Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamak, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzümleriniň işini talabalaýyk guramak, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň tölegleriniň hasaplaşygynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyry boýunça maýa goýum taslamasy, bahasy we maliýeleşdiriş çeşmeleri boýunça teklipleri gyssagly taýýarlamagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ulanmaga berilmeli desgalarda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil ölçeglerine hem-de möhlet tertibine laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa ýüzlenip, halkara tejribesinden ugur alyp, gurluşykda nyrh emele getirmegi kämilleşdirmegiň, gurluşyk-gurnama hem-de abatlaýyş işleriniň bahalarynyň esaslandyrylan bolmagyny gazanmagyň, maýa goýum taslamalarynda bäsleşigi üpjün etmek boýunça çäreleri gyssaglydurmuşa geçirmegiň hem-de gurluşyklaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän senagat we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň, Ahal welaýatynyň täze merkezinde gurulýan desgalaryň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Ilatly ýerlerde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak hem-de ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin döredilen ýer gaznalary boýunça Baş meýilnamalary taýýarlamagyň depginini güýçlendirmek,welaýatlarda hem-de etrap-şäherlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle hem ýurdumyzda gurluşygy köp ýyllardan bäri tamamlanman duran we häzirki döwürde alnyp barylýan desgalary seljerip, olaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowa önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak, ýurdumyzda importyň ornuny tutýansenagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligi gowulandyrmak, şeýle hem elektron senagatynda täze önümleriň önümçiligini döretmegi dowam etmek tabşyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň taslamalarynydurmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň,ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de beýleki maksatnamalarda we meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz energetika ministri Ç.Purçekowyň öňünde hem birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Oňa energiýa üpjünçilik kärhanalarynyňdoly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak,sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmeküçin durkuny täzelemek arkaly önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazturbinaly enjamlarda, elektrik beketlerinde we geçirijilerde öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirip, ätiýaçlyk şaýlary hem-de sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklamak tabşyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny gazanmagyň möhümdigini belläp,bu harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Energetika ministrine energetika pudagynda ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligigowulandyrmak tabşyryldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegini gazanmak,tehniki möhlet tertibine laýyklykda olaryň öz wagtyndadurkuny täzeläp, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak barada görkezmeler berildi. Şeýle hem milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýäntoplumy taslama kuwwatyna ýetirmeküçin çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Hazar we Gumdag şäherlerinde tehniki ýod, brom, Esengulywe Bereket etraplarynda ýod öndürýän zawodlary gurmak boýunça bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Döwlet Baştutanymyz döwlet konserniniň ýolbaşçysyna önümçilik maksatly import harytlarynyň, çig malyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi,harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda duz gorlarynyň baý ýataklarynyň bardygyny göz öňünde tutup, nahar we tehniki duzuň önümçiliginihas-da kämilleşdirmek hem-de önümiň hilini gowulandyrmak bilen eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz himiýa pudagynda ýörite ugurlarboýunça zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligi gowulandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, Aşgabat şäherini durmuş-ykdysadytaýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatyň ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, binalary we seýilgähleri gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Şunda şäherde ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek,işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hyzmatlar ulgamyny talabalaýyk guramak üçin zerur işleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şäher häkimine şäherdäki bilim, medeniýet, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň, döwlet gorundaky ýaşaýyş jaýlarynyň talabalaýyk saklanmagyna berk gözegçilik etmek, paýtagtda abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini hem-de ilata awtoulag hyzmatlarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini hem berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarowa gurluşyk, senagat we energetika pudaklary üçin ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak,okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak barada tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigininygtady. Professor-mugallymlaryň, talyplaryňtaýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirilmelidir. Gurluşyk we energetika pudagynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmeli. Dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bu işlere daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini hem çekmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda anyk teklipleri bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy‑önümçilik merkezinde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri esasynda energogurnawlar hünäri boýunça aspiranturany açmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna bilim ulgamynda gazanylan milli tejribelere we dünýä ylmynyň soňky gazananlaryna laýyklykda, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyryp durmak, inžener-tehniki ugurly hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýew hem-de gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni geçen ýyl 2019–2025-nji ýyllardagurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny taýýarlamak we nyrh emele getiriş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan 24 sany çäräniň diňe biriniň ýerine ýetirilendigineçekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara tejribesi esasynda bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy. Mundan başga-da, maýa goýum taslamalarynyň ýokary bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün etmek boýunça çäreler geçirilmelidir. Milli Liderimiz gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleriniň bahasynyň esaslandyrylmalydygyny hem-de gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi barada durup geçip, 2020-nji ýylda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylandygyny belledi. Mysal üçin, «Tejenkarbamid» zawodynda bu görkeziji 53,7, «Marykarbamid» zawodynda 62,5 göterime, «Maryazot» önümçilik birleşiginde bolsa, bary-ýogy 23 göterime barabar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň geçen ýyl boýunça ýaramaz netijeleri gazanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz elektrik energiýasy ulgamynyň işi bilen bagly meselelere geçip, bu ýerde elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatlyklaryň 44,8 göterim ulanylandygyny belledi hem-depudaklaryňkärhanalarynda önümçilik kuwwatlygynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy. Sebäbi döwletimiz senagat, energetika we himiýa pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň bu kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady. Önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegi üpjün edilmelidir. Import önümleriniň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk harytlarynyň üpjünçiligi artdyrylmalydyr. Innowasion tehnologiýalary we ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanýan önümçilik kärhanalaryny döretmek arkaly senagatyň düzümi kämilleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, uly islegden peýdalanýantäze önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň dowam etdirilmelidigine,durkuny täzelemek arkaly hereket edýän kärhanalaryň döwrebap ýagdaýa getirilmelidigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda oturdylan 36 sany gaz turbinaly enjamlaryň diňe 2-si düýpli abatlanypdyr, galan 2-sinde bolsa, abatlaýyş işleri dowam edýär.Şeýle hem, 9 sany gazturbinaly enjamda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin, abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Bu enjamlar we elektrik geçiriji ulgamlar üçin ätiýaçlykşaýlaryny hem-de sarp ediş serişdeleri wagtynda satyn alynmalydyr. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz sarp edilen elektrik energiýasy boýunça hasaplaşyklary geçirmek üçinelektron töleg ulgamyny ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de Oba milli maksatnamalary we kabul edilen beýleki maksatnamalardyr meýilnamalar boýunça gurulýan desgalaryň hem-de binalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça hem zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde aýna we aýna önümleriniň daşary ýurtdan getirilýändigini, walýutada çykdajy edilýändigini belläp, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçilik kuwwatyny we önümleriniň görnüşini köpeltmek, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna ulanmaga bermek üçin, olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Energetika pudagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzbu ugurda öňde ulywezipeleriň durýandygynybelledi. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly, elektrik energetikasy ulgamyny ösdürmeli we hereket edýänelektrik beketlerini döwrebaplaşdyryp, olaryň täzelerini gurmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem ýurdumyzy elektrikleşdirmegi doly tamamlamaly, elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» elektrik geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak boýunça hem öňde uly işler durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, gurluşyk we senagat toplumynyňmaliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderliseljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Toplumda pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyny belläp, çykdajylaryň düzümini seljerip, şu ýyl göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlarynyň hem-de gurulýan desgalaryň netijeli we belli bir maksatly maliýeleşdirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, pudagyň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen resminamalara gol çekjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakyndaky» we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň meseleleri hakyndaky» kararlara gol çekip, resminamalary ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny has-da ösdürmeginiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylyklygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy bar. Şonuň bilen bir hatarda, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bu künjegiň tebigaty bilen özboluşly sazlaşygy döretmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalar baradaky gürrüňi dowam edip, olaryň gurluşygynda bolşy ýaly, binagärlik aýratynlygynda, kottež jaýlarynyň ýaşaýyş üçin amatlylyk derejesinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň we nou-haularyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdeleri içgin saýlap almak meselelerine aýratyn üns bermegi nygtady. Şolar ekologiýa hem-de bezeg meselelerine laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code