Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


19.04.2022 68
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

   Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim şu günler ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleriniň barşy, jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda gök zolaklary döretmek, jemagat hojalygy gullugynyň işini degişli derejede ýola goýmak wezipeleri ýokary derejede amala aşyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklaryny tabşyrdy we ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygyny belläp, bu babatda şäheriň häkimine degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz söwda dükanlarynda işleriň alnyp barlyşyna-da ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda şu günler dowam edýän möwsümleýin işler baradaky meselä geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, gowaça ekişini ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde tamamlamak, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk derejede alnyp barylýandygy barada habar berildi. Öňde boljak şanly seneler, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak we onuň bol hasyl berýän görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ak ekinlerde duş gelýän kesellere, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş işleriniň häzirki zamanyň agrotehniki talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, şunda biokärhanalaryň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Welaýatda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmelidir. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, köpugurly hassahananyň gurluşygynyň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, hususan-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi bellenildi. Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, ilki bilen, günbatar sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan köpugurly hassahananyň işine badalga berendigi hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň düýbüniň tutulandygy üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Soňra häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi. Şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg etmek işleri batly depginde we guramaçylykly dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlary ýetişdirilip, häzir olara ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hasabatyň çäklerinde welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyldy. Şanly senelere bagyşlanan dabaralara taýýarlyk, aýratyn-da, şu ýyl Balkan welaýatynda giňden belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda guralmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ak ekinleriň ösüşine ýaramaz täsiri bolan haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini guramaçylykly geçirmek, şol bir wagtyň özünde sebitiň çäklerinde hereket edýän biokärhanalaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak zerur talap bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylynyň ýetişdirilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde sebitde ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri hem talabalaýyk guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň we beýleki durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň talabalaýyk ýagdaýda alnyp barylmagyna möhüm üns berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, ak ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi we gowaça ekişini ýokary hilli hem-de bellenen möhletde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen durmuşa geçirilýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Welaýatda Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu gyzgalaňly günlerde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigine ünsi çekdi. Şunda bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlara, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hem biokärhanalaryň işiniň kada laýyk derejede alnyp barylmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde ýeralmadan we beýleki gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny nygtap, sebitde köpugurly hassahananyň we onkologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň depginlerini güýçlendirmek hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän ideg işleri, gowaça ekişini bellenilen möhletde we ýokary hilli geçirmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Häkim hasabatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hem maglumat berdi. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada-da habar berildi. Mundan başga-da, häkim häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreler we oňa görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky möhüm hem-de jogapkärli möwsüm bolan ak ekinlere ideg etmek işlerini we gowaça ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ekinlerde duş gelýän kesellere, haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň degişli derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Şunda welaýatyň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma senagaty üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly, agrotehniki kadalar esasynda we ýokary hilli geçirmek ugrunda edilýän tagallalar, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek hem-de sebitde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunda ak ekinlere ideg etmek işleri we gowaça ekişini bellenen möhletlerde guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde ekinlere zyýan berijilere, haşal otlara garşy göreş çäreleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak meselelerine üns berilýändigini belläp, bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Sebitde pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi, bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmegi babatda-da anyk görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda maýsalary goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanýandygy barada aýtdy. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler. Wise-premýer hasabatynyň dowamynda Diýarymyzda obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan giň möçberli goldawyň berilýändigini belläp, oba zähmetkeşleriniň döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilnamada bellenilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ideg işleriniň dowamynda ekinlere zyýan berijilere we haşal otlara garşy göreş çäreleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, şunda ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edip, bu gymmatly çig maly öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code