Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy


15.07.2022 62
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iki günlük döwlet sapary tamamlandy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berdi. 

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 19-syna gol çekilendigini ýatladýarys. Şeýle hem türkmen Lideri «Kuksaroý» kabulhanasyndaky Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde bag nahalyny oturtdy. 

Saparyň ikinji gününde türkmen döwletiniň Baştutany Samarkand şäherine baryp gördi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen goňşy döwletiň ilkinji Prezidenti Islam Karimowy hatyralady. 

Türkmen döwletiniň Baştutany saparyny tamamlap, Samarknd şäheriniň halkara howa menzilinden Aşgabada sary ýola düşdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code