Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


26.07.2022 53
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurtda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, aýratyn-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, orakdan boşan meýdanlarda geçirilýän sürüm we beýleki oba hojalyk işlerinde hereket edýän kuwwatly tehnikalaryň doly güýjünde, netijeli ulanylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar, dökün bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň milli daýhançylyk däpleri we häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda önümçilige oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code