Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykýar


01.08.2022 55
Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar zähmet rugsadynda Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler. Döwlet Baştutanymyz hem şu döwürde zähmet rugsadynda bolar diýip, TDH habar berýär.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code