Türkmenistanyň Prezidenti ogly Kerimguly bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi


05.08.2022 41
Türkmenistanyň Prezidenti ogly Kerimguly bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 4 awgustda ir säher çagynda Hazar deňziniň kenaryna çykyp, ol ýerde ogly Kerimguly bilen birsellem gezelenç etdi hem-de welosipedli ýörişi amala aşyryp, sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk binýadyny goýan köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi we sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.

Ýurduň ýolbaşçylar düzüminiň häzirki dynç alyş döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport çäreleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Awazanyň tebigy aýratynlyklary bu ýerde şypahana-dynç alyş düzümini hem-de sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär hem-de onuň syýahatçylyk we sport merkezine öwrülmegini şertlendirýär. Bu künjegiň tebigy gözelligi, arassa howasy, bagy-bossanlygy dynç alyşda bolýan adamlara ruhy lezzet berýär hem-de olaryň saglygyny berkitmegine uly ýardam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň ýolbaşçylar düzümi hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine işjeň gatnaşdylar.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code