Türkmenistanyň Prezidenti «Garşy» deňiz birikmesine geldi we «Deňiz han» atly harby gämi bilen tanyşdy


11.08.2022 82
Türkmenistanyň Prezidenti «Garşy» deňiz birikmesine geldi we «Deňiz han» atly harby gämi bilen tanyşdy

TDH-nyň saýtynda «Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda» atly sözbaşy bilen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine gelmegi hakynda reportaž ýerleşdirildi.

Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy, dabaraly harby-deňiz ýörişini kabul etdi, şeýle hem serkerdeleriň hem-de harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerine baha berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code