Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi


16.08.2022 57
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde belledi diýip TDH habar berýär.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.
QR Code