2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabaralary geçiriler


20.01.2021 176
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabaralary geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow 14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Wise-premýer akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýakynlaşyp gelýän 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden baýram etmek hakyndaky degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy baradaky meseläni döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, halkymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, ony bütin dünýäde wagyz etmäge döredilýän şertler üçin milletiň Liderine ýene-de bir gezek uly hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady. Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi şol medeni mirasyň merjenidir. Milletiň Lideri öňde boljak çäreleriň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen hemme dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, şanly senäni baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar. Mähriban topragymyzyň hakyky watançysyna, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyrymyzy hormatlap, biz onuň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede guramalydyrys we giň halkara jemgyýetçiligini onuň ajaýyp döredijiligi bilen mundan beýläk-de tanyşdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere guramaçylyk komitetini döretmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code