Jahana nusgalyk sungat


09.02.2021 270
Jahana nusgalyk sungat

       Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen, jemi dört tapgyrdan ybarat baýramçylyk bäsleşiginde zenanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri, gadymy we häzirki zaman nagyşlarynyň gelip çykyşy, döreýşi dogrusynda gyzykly gürrüň bermekde, el hünärlerini görkezmekde özara bäsleşdiler. Şeýle hem, jemleýji tapgyrda nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgy setirlerini çeper sahnalaryň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşik milli mirasymyzy ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, eli hünärli, çeper sözli gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda örän möhüm ähmiýete eýe boldy. Dabaranyň ahyrynda emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etraby birinji, Berkararlyk etraby ikinji, Büzmeýin etraby üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code