Gözelligiň dürdänesi


17.03.2021 167
Gözelligiň dürdänesi

       Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheri häzirki wagtda yklymlary birleşdirýän polat, howa, suw, awtomobil ýollarynyň kämil derejesine eýe bolup, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm ulag-logistik merkezine öwrüldi.

    Paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary ak şäherimiziň durmuşynda aýratyn orun eýelär.

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz ýurdumyzyň beýik ösüşleri bilen birlikde, ak bagtymyzyň wysaly Aşgabat şäheriniň nurana keşbiniň günsaýyn gözelleşýändiginiň şaýady bolýar. Dünýäde ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen paýtagty bu gün ösüşiň, rowaçlygyň, gözelligiň, bagtyýarlygyň, berkarar döwletliligiň, aýratyn-da, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen tutumly maksatlaryň amal edilýän, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylýan ajaýyp mekanyna öwrüldi.

    Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň tapgyrlaýyn esasda yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi we olaryň birnäçesiniň özboluşly binagärlik keşbi, inženerçilik-tehniki çözgütleri esasynda halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp bolmagy göwün guşuňy ganatlandyryp, ak ertirlere, röwşen geljege bolan beýik ynamyňy pugtalandyrýar. Şunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» hökmünde, Oguzhanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» Teleradioýaýlymlar merkezi, Aşgabadyň günorta — günbatar böleginde gurlup ulanylmaga berlen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen, Halkara howa menzili ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyndaky haly gölüniň şekili bilen, Olimpiýa stadionyny bezeýän dünýäde atyň iň uly nyşany bilen, «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça 3246 adamyň gatnaşmagynda okuw sapagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp, 10 metr aralygy gysga wagtda geçmegi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

   Ýurdumyzyň merjen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň binagärligiň özboluşly nusgalary bilen utgaşmagy, merdana pederlerimiziň, şöhratly ata-babalarymyzyň bu ugurda toplan köpýyllyk tejribeleriniň, asylly ýörelgeleriniň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Şunda taryhy çeşmelerdir ýazuw ýadygärlikleriniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Köpetdagyň dag gerişlerini etekläp oturan bu ýerler şöhratly geçmişimiziň ähli döwürlerinde-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça halkara gatnaşyklary ulgamynda möhüm syýasy, ykdysady, medeni merkez bolup, yklymlaryň, medeniýetleriň ösüşiniň möhüm çatrygy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

   Aşgabat şäheriniň halkara ähmiýetli işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edilýändigi nazara alnyp, häzirki günlerde bu ugra degişli desgalaryň gurluşygyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Muňa bu ugurdaky gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň we ýokary halkara ülňüleriniň göz öňünde tutulmagynyň, gurulýan desgalaryň hil derejesine, bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

   «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda birnäçe desgalar ulanmaga berler. Ak şäherimizde täze taslamalaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi we olaryň gurluşygynyň depgininiň ýokarlandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Taýýarlanan taslamalaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ozalky beren tabşyryklaryna laýyklykda, ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat-siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň bolmagy, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak ýaly uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary göz öňünde tutulandyr.

    Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýän binalaryň ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat şäheriniň durmuş ulgamyna degişli düzümlerini kämilleşdirmek meseleleriniň oňyn çözgüdi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, şäher ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi hormatly Arkadagymyzyň bu ugurdaky anyk tabşyryklarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeler mähriban ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşyna, şöhratly geljegine gönükdirilendir. Goý, mähriban halkymyzy baky bagtyýarlyga, beýik ösüşler bilen dabaralanýan berkarar döwlete eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code