Gözelligiň dürdänesi


15.04.2021 118
Gözelligiň dürdänesi

Bu gün özüniň täsin desgalary, täze belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan gözel paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has-da artýar. Golaýda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir täze desga, täze belent ýaşaýyş jaýy, medeni-durmuş maksatly binalar kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabadyň täsin binagärligi, beýik ösüşleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. Aşgabat Halkara howa menziliniň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsin bina açylandan tegelek bir ýyldan soňra, ýagny 2017-nji ýylda ildeşlerimiz Aşgabat Halkara howa menzilinde paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen türgenleridir tälimçileri garşyladylar. Täsin desgalar hakynda gürrüň edilende Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi bilen bir hatarda, döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Tutuşlygyna alnanda häzirki wagtda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi ähli halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň iň arzyly mekanlarynyň birine öwrüldi. Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady sportuň ösen şäherine, täsinlikler dünýäsine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code