Dünýä ýaň salan şanly wakalar


19.04.2021 139
Dünýä ýaň salan şanly wakalar

         «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara beslenýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky desganyň ulanylmaga berilmegi milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Şol gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy taryhy ähmiýetli waka boldy. Öňňin bolsa paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Bu desgalaryň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy gözellik bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär. Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir. Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen doly üpjün edildi. Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda, şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikler geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde 403 orunlyk multimedia zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar. Şol gün açylan Kabul ediş merkezi bolsa jemi 26 müň 854 inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Merkeziň esasy zaly 1 müň orunlyk bolup, ol banketler, dabaralar zaly diýlip atlandyrylýar. Bu zal meşhur daşary ýurtly önüm öndürijileriniň oňaýly we döwrebap mebelleri bilen üpjün edildi hem-de ajaýyp türkmen el halylary bilen bezeldi. Mundan başga-da, Kabul ediş merkezinde myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binanyň bezeginde binagärligiň özboluşly ýörelgeleri ulanyldy. Bu ýerdäki zallar Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny beýan edýän nakgaş eserleri bilen bezeldi. Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şol maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp, bu duşuşygyň ösüşiň we döredijiligiň maksatlaryna ýetmäge umumy tagallalar bilen ýardam bermek üçin birleşen pikirdeşleriň özara ynama esaslanýan söhbetdeşligine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döreden bu maslahatda BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň birnäçesi, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, diplomatlar we beýlekiler çykyş etdiler.

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code