Okgunly ösýän ak şäher


19.04.2021 453
Okgunly ösýän ak şäher

     Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş-durmuş üçin ähli şertleriň döredilen şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim merkezi bolup durýar. Aşgabadyň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlykdygynyň subutnamasydyr. Şu ýyl mähriban Diýarymyzda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň ikisi, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetini nazara alyp, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede guramak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Şu günler şanly baýramçylyklarymyzyň ähmiýetini has-da belende galdyrýan täze desgalaryň açylyş dabaralary mähriban halkymyz tarapyndan uly buýsanç bilen garşylanýar. Olaryň hatarynda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň täze belent edara binalarynyň açylyş dabaralaryny agzamak has-da ýakymlydyr. Golaýda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu taryhy mejlisiň barşynda milli Liderimiz Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Ajaýyp keşbe, täsin binagärlige eýe bolýan türkmen paýtagty bu gün Aziýanyň hakyky merjenine öwrülip, ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyny goşalandyrýar. Her ýyl onuň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär. Olar ak şäherimiziň özboluşly ýüzüni, täze taryhy eýýamyň belent ruhuny dabaralandyryp, mähriban halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Goý, ak şäherimiz Aşgabadyň şan-şöhratyny beýik ösüşler, täze gurulýan döwrebap şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary, hyzmat ediş ulgamlary bilen dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Salgy: Aşgabat şäheri Bitarap Türkmenistan şaýoly 17 jaý | E-mail: ach@online.tm

Telefon belgisi: +993 (12) 92-35-10 | Faks: +993 (12) 92-79-50

Aşgabat şäher häkimligi © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.
QR Code